Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, daşary işler ministri Wan I 2023-nji ýylda Sian şäherinde döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen Hytaý — Merkezi Aziýa sammitini geçen ýylyň möhüm syýasy wakalarynyň hatarynda görkezdi. Ol bu barada 9-njy ýanwarda geçen ýylyň dowamynda Hytaýyň halkara giňişlikde gazanan üstünliklerine bagyşlanan ýygnakda belläp geçdi.
Sinhua habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, hytaý diplomaty şol sammitde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň ýurduň Merkezi Aziýa boýunça alyp barýan daşary syýasatyny giňişleýin beýan edendigini, bäş döwletiň Baştutanlarynyň bilelikde has ysnyşykly Hytaý — Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk giňişligini döretmek kararyna gelendiklerini hem-de resmi sammitiň bu ugurdaky möhüm ädim bolandygyny nygtady.
Ýeri gelende bellesek, Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammiti 2023-nji ýylyň 19-njy maýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçirilip, oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşypdy.