Waltteri Bottas Alfa Romeo bilen köpýyllyk şertnama baglaşdy

Waltteri Bottas Alfa Romeo bilen köpýyllyk şertnama baglaşdy

“Mersedes” toparynyň sürüjisi Waltteri Bottas indiki möwsümde “Alfa Romeo” üçin çykyş eder diýip, “Formula-1-iň” metbugat gullugy habar berýär. Bottas topar bilen köpýyllyk şertnama baglaşdy.

“Meniň ýaryş karýeramda täze bir bap açylýar: men 2022-nji ýylda we ondan soňky döwürde “Alfa Romeo” goşulýandygyma begenýärin, bu meşhur öndüriji üçin täze synag bolar. “Alfa Romeo” bu tanyşdyrylmaga mätäçlik çekmeýän brend, olar “Formula-1-iň” taryhynda beýik sahypalary ýazdylar.

Meniň üçin bu markany görkezmek hormat bolar.Toparyň maňa bildiren ynamy üçin minnetdar, men olaryň ynamyny ödemäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýip, “Alfa Romeonyň” resmi saýty Bottasyň sözlerini getirýär.

Finlýandiýaly ýaryşa gatnaşyjy “Alfa Romeoda” şu möwsümiň ahyrynda karýerasyny tamamlaýandygyny habar beren watandaşy, dünýä çempiony Kimi Raýkkoneniň ornuny çalşyrar diýip, sport-express.ru belleýär.

“Mersedesiň” düzüminde Bottasyň ornuna Jorj Rasselliň geçmegine garaşylýar. Bottas “Mersedesde” 2017-nji ýyldan bäri çykyş edýär. Onuň hasabynda “Formula-1-de” iki wise-çempionlyk we dokuz ýeňiş bar.

Ýene degişli makalalar

Karlos Saýns Beýik Britaniýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy
Werstappen Belgiýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy
Red Bull-dan Peres Singapuryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen ýedinji
Formula ― 1: Azerbaýjanda iň ýyndam Ferstappen boldy
Formula-1-iň şu möwsümde iň köp jerime alan sürüjisi belli boldy
Werstappen Formula-1-iň bassyr ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy
Arkadag şäheri elektromobiller we tok beriji beketler bilen üpjün edildi