Bölek söwda bilen meşgullanýan “Walmart” kompaniýasy müşderilerine wirtual otaglary hödürleÿär.Mahlasy, indi müşderiler dürli eşikleriň özlerine nähili gelişýändigini geýmezden, bu wirtual programma arkaly görüp bilerler. “Özüňiz model boluň!” atly bu hyzmatyndan peýdalanmak üçin suratyňyzy şol programma ýüklemeli.
Suratyň aýratynlyklaryna esaslanyp, ulgam eşigiň giň ýa-da dar bolýan ýerlerini we kölegeleriň nädip düşýändigini özbaşdak hasaplap, alan eşigiň seniň üstüňde nähili durjakdygyny görmäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin eşikler mümkin boldugyça tebigy görünýär.
Täze hyzmat söwda ägirdiniň geçen ýyl wirtual otag platformasy “Zeekit”-i satyn almagy esasynda ýola goýuldy.Bu platforma “Walmart” -yň öz satýan egin-eşikleri bilen bir hatarda “Lewi”, “Champion” we “Hanes” ýaly brendleriň 270 müňde gowrak geýimini wirtual çäkde deňäp bolar.
Kompaniýa şeýle çözgüdi ilkinji gezek şu ýylyň mart aýynda hödürläpdi, ýöne bu gaty çäkli bolup, müşderiler diňe 50 sany modeli saýlap bilýärdiler. Bu ýönekeýleşdirilen “My Model” atly bu platforma hem ulanyjylar üçin elýeterli bolmagyny dowam etdirer.
Aýlar Agalykowa, S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby