Walla Kaniony

Walla Kaniony

Dünýäniň iň çuň kanionlaryndan biriniň Türkiýede ýerleşýändigini bilýäňizmi? Dünýäniň iň çuň kanionlaryndan biri hökmünde kabul edilýän Walla kaniony, Türkiýäniň Günbatar Garadeňiz sebitinde, Kastamony welaýatynyň çäklerinde ýerleşýär. Giň daglyk we tokaýlyk meýdanlary bilen Kastamony köp sanly kanionlary, gowaklary, derýalary we şaglawuklary bilen görülmäge mynasyp ýerlerden biri.

800-1200 metr aralygyndaky belent gaýa eňňitleri bolan Walla kanionundan geçmek kyn, uzyn we iňňän howply. Geçmesi iň kyn kanionlardan biri bolan Walla, diňe bir hünärmen toparlar tarapyndan we amatly enjamlar bilen geçilip bilinýär. Emma kanionuň başynda ýolbeletler size degişli maglumatlary berýärler. Kaniony gezmek üçin gurlan terassadan adatdan daşary tebigy gözellige syn etmek mümkin.

Gaýalyklaryndaky bürgüt, algyr, gotan ýaly ýyrtyjy guşlaryň ýaşaýan kanionunda 40-dan gowrak şaglawuk bar. Şolardan 14 metr belentlikden guýýan Ylyja şaglawugy, has ýokarda guýýanlar ýaly bolmasa hem, ajaýyp ösümlik gatlagy bilen görülmäge mynasyp.

Sebitde ýerleşýän Ylgarini gowagy bolsa dünýäniň ululyk taýdan 4-nji gowagy.Uzynlygy 858 metr, çuňlugy 250 metre barabar bolan gowagyň 220 million ýylda emele gelendigi çaklanylýar.Gowagyň içindäki süýntgileriň we sütünleriň görnüşi geň galdyryjy gözellige eýe.

Gowakda Giçki Rim we Wizantiýa döwürlerine degişli şapeller, gubyrlar we howdanlar bar.Gowaga barýan ýolun ugrunda Kömelek gowagy we Ajdar gowagy görülmäge mynasyp ýerlerden käbirleri.

Ýene degişli makalalar

ExxonMobil Braziliýanyň kenarlaryndan nebit tapmady
Dünýäniň iň kiçi syýahatçylyk şäherleri
Kaşdanyň Anadolyda ösdürlip ýetişdirlen miwe görnüşlerinden biridigini bilýäňizmi?
Diňe guşlar uçýarmy?!
Ýene-de iň uly awtoulag eksportçysy boldy
Türkiye-Şwesiýa-NATO maslahaty dünýä metbugatynda giň seslenme döretdi