Moto GP boýunça möwsümiň 15-nji ýaryşy Tailandyň Buriram welaýatynda geçirildi.Welaýatyň adybir halkara trassasynda geçirilen ýaryşda “Repsol Honda” toparynyň ispaniýaly sürüjisi Mark Markes ýeňiş gazandy.
Ol 26 aýlawy 39 minut 36,223 sekuntda tamamlap, şu möwsümde 9-njy, karýerasy boýunça-da 53-nji gezek münberiň iň ýokary basgançagyna çykdy.Gazanylan bu ýeňiş oňa möwsümiň tamamlanmagyna 4 ýaryş galanda, 215 utukly, ikinji basgançakdaky Andrea Dowiziosodan 110 utuk öňe saýlanan wagtyndan ir çempionlygyny yglan etdi. Şunlukda, 26 ýaşyndaky Mark Markes bassyr 4-nji, umumylykda-da 6-njy çempionlygyny gazandy.
Ol soňky 2013-2019-njy ýyllar aralygynda diňe 2015-nji ýylda çempion bolup bilmedi. Ýagny 2013-nji, 2014-nji, 2016-njy, 2017-nji, 2018-nji hem-de 2019-njy ýyllarda çempionlyk gazandy.
Bu çempionlykdan soň, Markes Moto GP-de iň köp çempion bolan sürüjileriň sanawynda awstraliýaly Mik Duhandan (5 çempionlyk) öňe saýlandy.Häzirki wagtda Markesden öňde italiýaly rowaýaty sürüjiler Jakomo Agostini (8) bilen Walentino Rossi (7) bar. Ýeri gelende aýtsak, Mark Markes umumylykda Moto GP ýaryşlarynda 8-nji gezek çempion bolup, ol karýerasynyň irki ýyllarynda 125cc hem-de Moto2 ýaryşlarynda-da birinjiligi eýeläpdi.Tailandda geçirilen ýaryşda “Yamaha” toparynyň sürüjileri fransiýaly Fabio Kuartararo 2-nji, ispaniýaly Mawerik Winýales 3-nji ýere mynasyp boldy.
Möwsümiň 16-njy ýaryşy 20-nji oktýabrda Ýaponiýada geçiriler.