Wagtyň ählumumy hasaby buzluklaryň eremegi sebäpli üýtgäp biler

Wagtyň ählumumy hasaby buzluklaryň eremegi sebäpli üýtgäp biler

Polýar buzluklarynyň eremegi Ýeriň aýlanma tizliginiň çalyşmagyna täsir edip biler, bu bolsa, öz nobatynda dünýäniň wagt hasabynyň üýtgemegine getirer. Kaliforniýa uiwersitetiniň alymlary şeýle netijä geldiler diýip, MIR 24 ýazýar. Bu ugurdaky ylmy-barlaglaryň awtory Dunkan Engýunyň sözlerine görä, buzluklar erände, ägirt köp möçberdäki suwlar ummanlara goşulýar, netijede, suwuň agramy artyp, planetanyň aýlanma tizligi biraz üýtgeýär.

Bu kompýuter ulgamlarynyň utgaşdyrylmagy üçin öň görülmedik meseläni döreder we UTC (bütindünýä wagty) üçin üýtgetmeleri girizmegi talap eder. Ählumumy maýlama eýýäm ählumumy wagt hasabyna täsir edýär diýlip, Nature ylmy žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar.

Hünärmeniň sözlerine görä, ählumumy wagtdan doly sekundy 2026-njy ýylda aýyrmak pikirine biraz giç, ýagny 2029-njy ýylda dolanmaly bolar. Munuň sebäbi buzluklaryň çalt eremegidir.

Ýene degişli makalalar

Aýsbergleriň Eremegi Dünýäniň Ýuwaş Aýlanmagyna Sebäp Bolýar
Dünýädäki agaçlaryň üçden bir bölegine ýok bolmak howpy abanýar
Alymlar howadan ýangyç öndürýän enjam döretdiler
Tueýts buzlugy öz ýerinden gozganar
Arktiki köller guraýar
Arktiki köller howanyň üýtgemeginden guraýarlar