W.Hajyýew Parahatçylyk institutynyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik synçysy, ilçi Dawid Fernandes Puýana bilen duşuşdy

W.Hajyýew Parahatçylyk institutynyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik synçysy, ilçi Dawid Fernandes Puýana bilen duşuşdy

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajyýew Parahatçylyk uniwersitetiniň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik synçysy, ilçi Dawid Fernandes Puýana bilen duşuşdy.

Duşuşykda W.Hajyýew we D.F.Puýana Parahatçylyk uniwersiteti bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde öňe sürlen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny taýýarlamak we Aşgabatda Bitaraplyk hem-de howpsuzlyk institutyny döretmek boýunça başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine garadylar.

Mundan başga-da Parahatçylyk uniwersitetiniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, halkara ýagdaýlaryň häzirki durnuksyz şertlerinde bitaraplyk syýasatyny öňe sürmek ugrundaky tagallalaryň uzak möhletleýin ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan, Ženewadaky wekilhanalaryň çäklerinde bilelikdäki tematiki çäreleri geçirmek mümkinçiligi barada pikir alşyldy hem-de gepleşikleriň indiki tapgyryny Aşgabatda geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Ýene degişli makalalar

W.Hajyýew Parahatçylyk uniwersitetiniň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik synçysy bilen duşuşdy
“Ýurtlarymyzyň Arasyndaky Gatnaşyklary Has-da Pugtalandyrarys”
“Türkiýe Bilen Edýän Strategik Gatnaşyklarymyzy Pugtalandyrmaga Dowam Ederis”
Aşgabatda 'Sen we men' atly konsert geçirildi
Türkiýe Bilen Alžiriň Arasyndaky Gatnaşyklar Pugtalanýar
Marokko, Türkiýe Bilen Edýän Gatnaşyklaryny Pugtlandyrmak Isleýär