Volvo kompaniýasy täze ykjam elektrik krossowerini çykarar

Volvo kompaniýasy täze ykjam elektrik krossowerini çykarar

Şwesiýanyň Volvo kompaniýasy 2022-nji ýylda XC20 ýa-da C20 atly ykjam elektrik krossowerini çykarar. Bu barada Wroom.ru wb sahypasy habar berdi.

Volvo kompaniýasynyň täze elektrik krossoweri Volvo we Geely tarapyndan bilelikde işlenip düzülen SEA platformasynda gurlar. Şol platformada mundan öň Tesla kompaniýasynyň täze Zeekr 001 atly elektrik awtoulagy ýasaldy.

Bu kompaniýanyň ykjam krossoweriniň kuwwat saklaýjysynyň göwrümi 86 ýa-da 100 kwt/sag bolup, ol bir zarýadda 700 km geçmäge ukyply bolar. Awtoulagyň daş görnüşi täze çykjak XC90 krossoweriniňkä meňzär.

Şwesiýanyň Volvo kompaniýasy häzirki wagtda C40 Recharge we XC40 Recharge elektrik ulaglaryny öndürýär. Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli içki ýangyç hereketlendiriji esasynda işleýän awtoulaglary öndürmegini goýbolsun etmegi meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýa Ukrainada uruş tamamlanandan soň: Hytaý sebitden Russiýany gysyp çykararmy?
“Volvo Cars” ýarymgeçirijileriň ýetmeýändigi sebäpli Şwesiýadaky önümçiligi togtadýar
Geely 2021-nji ýylda bazarda 1,32 milliondan gowrak awtomobil satdy
Samsung Galaxy M33 5G çykarmak üçin tassyklandy
Şanhaý awtoulag sergisi öz işine başlady
Bäsdeşlerinden ozdurar