Volkswagen Russiýa Federasiýasynda awtoulaglarynyň önümçiligini bes edýändigini resmi taýdan tassyklady diýip, Interfax habar berýär. Ukrainanyň çägindäki harby hereketler bilen bagly Kalugada (zawod OOO "Folkswagen grup Rus") we VW-niň şertnama esasynda gurnamak usuly bilen Skoda ulaglaryny öndürýän ýeri bolan Nižniý Nowgorodda awtoulaglaryň önümçiligi togtadylýar diýip, kompaniýanyň Twittere beren habarynda aýdylýar.
Şeýle-de, şol habarda awtoulaglaryň RF-na eksport edilmeginiň hem togtadylandygy barada aýdylýar.
OOO "Folkswagen grup Rus" Russiýanyň bazarynda konserniň ýedi kysymynyň: Volkswagen Ýeňil awtoulaglaryň, Volkswagen Kommersiýa awtoulaglaryň, Skodanyň, Audiniň, Lamborghininiň, Bentleýiň we Ducatiniň işini birleşdirýär. Ýewropa biznesi assosiýasiýasynyň (AEБ) maglumatlaryna görä, 2021 ýylda RF-da VW-niň satuwy 197 972 awtoulaga barabar bolupdyr, bazaryň paýy - 11,9%.
VW-niň russiýaly golçur kompaniýasynyň saýtynyň maglumatlaryna görä, konserniň Kalugadaky zawodynda geçen ýyl 118 müň awtoulag, Nižniý Nowgorodyň önümçilik meýdançasynda bolsa 52,3 müň awtoulag goýberilipdir.VW-niň GDA ýurtlaryna geçen ýylky eksporty 11,5 müň ulagdan ybarat bolupdyr. Şeýle-de, 2021 ýylda VW-niň Russiýadaky zawodynda 96,1 müň hereketlendiriji öndürilip, şolaryň 7,8 müň sanysy dünýäniň önümçilik meýdançalaryna, şol sanda Polşa, Ispaniýa we Hindistana eksport edilipdir.