Volkswagen Porsche sportkarlaryny çykaryp başlar

Volkswagen Porsche sportkarlaryny çykaryp başlar

Volkswagen rekord derejeli isleg sebäpli Porsche sportkarlaryny çykaryp başlar.Porsche-niň Ştutgart-Suffenhauzendäki zawody doly güýjüne işlese-de, sargytlar bilen ýetişip bilenok, şol sebäpli nemes awtoöndürijisi Volkswagen konsernindäki kärdeşlerinden kömek soramaly boldy.

Bu işde Porsche kompaniýasyna Osnabrýukdaky VW Group kärhanasy kömek eder 718 seriýaly sportkarlar VW T-Roc kabrioletleri we VW Arteon Shooting Brake awtomobilleri bilen bilelikde ýygnalar diýip, motor.ru habar berýär.

Porsche-niň önümçilik we logistika bölüminiň başlygy Albreht Raýmold Osnabrýukdaky multibrend zawodyň Ştutgartda ýerleşýän kompaniýa öňem kömek edendigini ýatlaýar.On ýyl mundan ozal Saksoniýada Porsche Boxster we Porsche Cayman kabrioletleri we kupeleri çykarylypdy, üç ýyldan soň bolsa Volkswagen zawodynyň konweýerinden Cayenne krossowerleri çykdy.

Iki ýagdaýda-da gurnama önümçiliginiň göçürilmegi ýokary isleg sebäpli boldy.Road & Track amerikan žurnaly Volkswagen bilen Porsche-niň arasyndaky birwagtky gatnaşyklary hem ýatlap geçýär. 1960-njy ýyllarda Volkswagen-iň zawodlarynda Porsche 356 kupesi üçin kuzowlar, 1990-njy ýyllarda Porsche 968 üçin kuzowlar öndürildi.

Volkswagen-iň konweýerinden 1969-njy ýyldan 1975-nji ýyl aralygynda Porsche 914 sportkarlary hem çykaryldy.

Ýene degişli makalalar

Ýeňijileriň birine BMW, ýene birine-de “Porsche” berildi
Dünýäde iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawy yglan edildi
Atlantikada 4 müň sany gymmatbaha awtoulagly gämi ýanýar
Ýylyň iň gowy awtomobili 2022 bäsleşiginiň finalçylary belli boldy
Porsche Taycan elektrokary Ginnesiň rekordyny täzeledi
Elektrikli Hyundai Ioniq 5 Germaniýada ýylyň awtoulagy boldy