Volkswagen-iň mahabat diňleri

Germaniýanyň Wolfsburg şäherindäki Volkswagen zawodynyň golaýynda Autostadt (awtoulag şäherjigi) ýerleşýär.Autostadt iki sany köp gatly aýna minaradan ybarat bolup, kompaniýanyň täze öndürilen modelleri şol ýerde witrina çykarylýar.

Silindr görnüşli, merkezinde ulaglary ýokary göterip, aşak düşürýän özboluşly lifti bolan bu binalaryň beýikligi 60 metr bolup, her birine dört ýüzden gowrak ulag ýerleşýär.Binalaryň gurluşygynda esasy serişde hökmünde aýna ulanylypdyr. Ýagny binanyň içinden daşyny, daşyndan içini synlap bolýar. Ýerli ýaşaýjylar minaralary awtoulag duralgasy diýip atlandyrsalar-da, bular Volkswagen-iň täze önümlerini mahabat edýän ýeridir.

Minaralar 700 metrlik ýerasty tunnel arkaly zawoda birigýär.Zawoddan çykan wolkswagenler tunneldäki relslere münüp, ýerzeminden göni mahabat binasyna gelýär.Bu ýerde täze ulaglar sekuntda iki metr tizlik bilen hereket edýän lift arkaly ýokary galdyrylyp, ýerli-ýerine goýulýar.

Ulgamyň esasy aýratynlygy täze awtoulaglary hiç hili herekete getirmezden, müşderilere bermekdir. Ýagny satyn alyjy awtoulagyň geçen ýoluny noldan herekete getirip başlaýar.

2000-nji ýylda gurlan mahabat minaralaryna ýylda 2 million töweregi müşderi gelýär.Bu ýerde awtoulag muzeýi, uly kinoteatr, awtoulag brendleriniň pawilionlary bolup, binanyň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşdyrylýan 15-20 minutlyk gezelençler guralýar.

Otaglaryň biri komýuterler bilen abzallaşdyrylyp, müşderiler Volkswagen-iň modelleriniň tehniki we bezeg aýratynlyklary bilen içgin tanşyp bilýärler.Myhmanlar aýna liftler arkaly binanyň iň ýokarky 20-nji gatyndaky synlaýyş otagyna baryp aşaklygyna seredenlerinde binanyň içindäki täsin gurluşa şaýat bolýarlar.

Mundan başga-da, müşderiler zawoda baryp, satyn alýan ulaglarynyň önümçilik pursatlaryny hem synlap bilýärler.Autostadt diňi diňe bir müşderileriň ünsüni özüne çekmän, syýahatçylyk babatda hem meşhur ýerleriň biridir.

Ýene degişli makalalar

Duşenbe şäherinde Counter-Strike we GTA wideooýunlary gadagan edildi
Xiaomi ulag öndürijileriň arasynda öňdebaryjy bolmagy meýilleşdirýär
Apple awtoulag döretmek üçin Lamborghini-niň öňdebaryjy menejerini hakyna tutdy
Täze Ford Mustang meýilleşdirileninden ýarym ýyl öň tanyşdyrylar
Lamborghini-niň esaslandyryjysy Awtoulag şöhrat zalyna girizildi
Pagani elektroulaga geçmekden boýun gaçyrdy