Volkswagen ID.4 Ýylyň bütindünýä awtomobili bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Volkswagen ID.4 Ýylyň bütindünýä awtomobili bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

ABŞ-da Ýylyň bütindünýä awtomobili adyna ses berişlik tamamlandy. Şeýlelikde, “2021-nji ýylyň bütindünýä awtomobili” Volkswagen ID.4 boldy diýip, fbm.ru habar berýär.

Bu awtomobil ahyrky ses berişlikde 798 bal gazanyp, Honda e (742 bal) we Toyota Yaris (732) ýaly finalçylardan öňe geçdi.Volkswagen ID.4 özüniň döwrebap dizaýny, giňişligi akylly ulanmagy we täsirli funksionallygy bilen emin agzalaryny haýran galdyrdy.

Bu awtomobil markanyň ilkinji doly elektrikli krossoweridir.Honda e innowasiýa we emosional taýdan birneme öňde boldy.Toyota Yaris hem dünýä bazary üçin ähmiýetliligi boýunça nemes modelinden öňe geçdi. Şol bir wagtyň özünde Honda e Ýylyň şäher awtomobili nominasiýasynda ýeňiji boldy, bu ýerde Toyota Yaris ikinji orny eýeledi.

Liderleriň üçlügini Honda Jazz/Fit jemleýär.Baýrakly awtomobiller ugrunda birinji orny Mercedes-Benz S-Class eýeledi, ikinji orunda Polestar 2 ýerleşdi, Land Rover Defender bolsa üçünji boldy.Britan modeli dizaýn nominasiýasynda birinji orna çykyp, World Car Design of the Year 2021 diýen ada eýe boldy.

Ikinji orun möwsümde has köp baýrakly orunlara eýe bolmak bilen, 2021-nji ýyldaky bäsleşigiň hem laureaty, hem iki gezek baýrakçysy bolan Honda e degişli boldy.World Performance Car 2021 adyny Porsche 911 Turbo aldy, ikinji orna Audi RS8, üçünji orna Toyota GR Yaris mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Akkordeon ýaly telewizor
Porsche kompaniýasy Taycan GTS awtoulagynyň täze görnüşini tanyşdyrdy
Porsche “Ulaglar” multfilminiň gahrymanynyň keşbinde awtomobil çykardy
Volvo Cars Ýewropanyň awtoöndürijiler assosiasiýasyny terk edýär
Aşgabatda jazz konserti köp tomaşaçy jemledi 
Baky hyzmatdaşlygyň we bileleşigiň 11 resminamasy, Täjigistanyň prezidentiniň Özbegistana eden saparynyň netijesi