Volkswagen Golf Ýewropada iň meşhur awtomobil boldy

Volkswagen Golf Ýewropada iň meşhur awtomobil boldy

Volkswagen Golf hetçbegi 2008-nji ýyldan bäri ýewropa bazarynda iň köp satylýan awtomobil adyny elden gidirmän gelýär. 2021-nji ýylda Ýewropa ýurtlarynda 205 müňden gowrak Golf awtomobili satyldy, şonuň netijesinde ol ýene-de iň meşhur model boldy. Bu barada JATO Dynamics gözleg kompaniýasyna salgylanyp, “Awtostat” habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Muňa garamazdan, Volkswagen Golf-yň bazar paýy tas iki esse (1,75%-e çenli) azaldy, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende satuw 27,9% pese gaçdy. Muny umumy defisit şertlerinde bäsdeşligiň güýçlenmegi we Golf-yň elektrik görnüşiniň ýoklugy bilen baglanyşdyrýarlar netijede bu markanyň muşdaklary ID.3 modelini has köp saýlaýarlar.

Meşhurlygy boýunça ikinji orunda Peugeot 208 ýerleşdi (196,9 müň birlik; -1,1%), Dacia Sandero ondan birneme yza galdy (196,8 müň birlik; +16,9%). Bäşligi Renault Clio (196,2 müň birlik; -21,1%) we Peugeot 2008 (194,7 müň birlik; +24,4%) jemleýär.

Ýewropada iň köp satylýan awtomobilleriň onlugyna Volkswagen T-Roc (186,6 müň birlik; +17,1%), Toyota Yaris (182,6 müň birlik; +1,3%), Opel/Vauxhall Corsa (180,6 müň birlik; -8,7%), Fiat 500 (174,7 müň birlik; +24%) we Citroen C3 (159,3 müň birlik; +7%) hem girdi.

Ýene degişli makalalar

Tesla Model 3 sentýabr aýynda ilkinji gezek Ýewropada iň köp satylýan model boldy
Dacia Sandero iýul aýynda Ýewropada iň köp satylan awtomobil boldy
“Ýewropada ýylyň awtomobili” adyna dalaşgär modelleriň sanawy düzüldi
Ýewropada ýylyň awtoulagy saýlandy
Ýewropada awtoulag satuwy artdy
“Opel” Germaniýadaky esasy awtoulag sergisine gatnaşyp bilmez