“Volkswagen” Demirgazyk Amerikada batareýa zawodyny gurar

“Volkswagen” topary Demirgazyk Amerikada batareýa zawody gurmagy meýilleşdirýär.Kompaniýanyň baş direktory Oliwýer Blýum Kanadanyň hem geljekki maýa goýuljak ýurtlaryň biri bolup biljekdigini mälim etdi.Zawod Tennessi (ABŞ) ştatyndaky “Volkswagen” zawodynda öndürilen ID.4 elektrik awtoulaglary batareýa bilen üpjün eder.

Demirgazyk Amerikada şeýle zawody gurmak kompaniýanyň elektroulag öndürmek üçin ABŞ-nyň hümmetsizlenmegi azaltmak baradaky kanuny talaplaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.Nemes brendi “Audi” we “Porsche” ýaly brendleriň hem elektroulag öndürmekleri üçin maýa goýýar.

Hususan-da, “Volkswagen” ABŞ-nyň Tennessi ştatyndaky elektroulaglar önümçiligini artdyrmak üçin zawody döwrebaplaşdyrdy.Mundan başga-da, “Volkswagen Group” ABŞ-da batareýa zawodyny hem öz içine alyp biljek ikinji desgany gurmagy meýilleşdirýär. Ýurtda hereket edýän kanunçylyga görä, ID.4 elektrik krossowerini alanlar 7 müň 500 dollara çenli federal salgyt ýeňilliginden peýdalanyp bilerler.

Emma hümmetsizlenmegi azaltmak baradaky kanun elektroulagyň köp böleginiň ABŞ-da ýa-da ABŞ-nyň erkin söwda hyzmatdaşy bolan ýurtlarda öndürilmelidgini talap edýär.

Umyt Ýaraşow, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby talyby.

Ýene degişli makalalar

Tesla-nyň bazary ösýär
Yslam Babaýew adyndaky ýaş gitaraçylaryň festiwaly
Atlantikada 4 müň sany gymmatbaha awtoulagly gämi ýanýar
Mercedes-Benz Russiýadaky önümçiligini we awtoulaglaryny getirmegini togtadar
Ýylyň iň gowy awtomobili 2022 bäsleşiginiň finalçylary belli boldy
Toyota dünýäde satuwy boýunça Volkswagen-den 1 mln ulag öňe geçdi