Volkswagen bazara çykaran 43 müňden gowrak awtomobilini yzyna ýygnaýar

Volkswagen bazara çykaran 43 müňden gowrak awtomobilini yzyna ýygnaýar

Volkswagen yzky kameralarynda bar bolan näsazlyk sebäpli dürli modeldäki 43 müňden gowrak awtoulaglaryny yzyna ýygnaýandygyny mälim etdi.Häzirlikçe bu çäre diňe ABŞ-nyň bazaryna degişli, ýöne soňlugy bilen onuň beýleki satuw bazarlaryny hem öz içine almagy mümkin.

Tehniki hyzmat merkezlerine 2021-2022-nji ýyllarda çykan Golf GTI, Jetta we Arteon sedanlary, Tiguan, Taos, Atlas we Atlas Cross Sport krossowerleri gelmeli.

Agzalan ýagdaýda mesele yzy alýan kameranyň özi bilen däl-de, onuň programma üpjünçiligi bilen baglanyşyklydyr.Näsazlyk sebäpli şekil merkezi displeýe geçmän hem bilýär eken. Şonuň üçin hem Volkswagen-iň dilerleri ulaga täze proşiwka oturdýarlar.

Amerikanyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy milli administrasiýasynda (NHTSA) sürüji ulagy yza basanda ýeňsesinde näme baryny görmeýänligi sebäpli her ýyl ABŞ-da 210 adamyň heläk bolýandygyny we 15 müň adamyň bolsa şikes alýandygyny aýdyp janygýarlar.

Hut şonuň üçinem NHTSA ähli täze awtoulaglarda, sürüjä yzda ulag, adam we päsgelçilik peýda bolanda duýdurar ýaly, yzy görkezýän kameralaryň we parktronikleriň bolmagyny talap edýär.

Ýene degişli makalalar

Geljegiň kaşaň uçary
Bir sözlemde (günüň sport täzelikleri)
2021-nji ýylda Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda tebigy gazy çykarmakda iň ýokary görkezijini gazandy
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
Türkmenistanda nebit önümleriniň täze görnüşleri öndürilip başlandy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny