Volkswagen, Audi, Seat we Skoda awtoöndürijileri motor böleginde ýanma howpunyň bardygy sebäpli tutuş dünýäde 100 müňden gowrak awtomobili yzyna gaýtarýar. Bu barada GFR-iň Federal awtotransport edarasynyň çözgüdine salgylanyp, “Bild” gazeti habar berýär. Muny TASS ýetirýär.
Aksiýanyň täsir etjek modelleriniň arasynda Audi Q3, Skoda Octavia we VW Golf bar. Awtomobiller modeline baglylykda 2020-nji ýyldan 2022-nji ýyllar aralygynda çykarylandyr. Germaniýada, takmynan, 40 müň awtomobil yzyna gaýtarylar.
Edara dizaýna degişli bolan motor bölegindäki ýeterlik derejede berkidilmedik elementleriň hereketlendirijiniň gyzgyn bölekleri bilen galtaşyp, ýanyp biljekdigini belledi. GFR-de häzire çenli 16 ýanma hadysasy bolup geçdi.