Volkswagen 29-njy sentýabrda Porsche-niň IPO-syndan 9,4 mlrd ýewro çenli gazanmak isleýär

Volkswagen 29-njy sentýabrda Porsche-niň IPO-syndan 9,4 mlrd ýewro çenli gazanmak isleýär

Germaniýanyň Volkswagen (VW) awtokonserni 29-njy sentýabrda Porsche ulag öndürijisiniň paýnamalarynyň 12,5%-niň deslapky jemgyýetçilik ýerleşdirilişini geçirmek (IPO) arkaly 8,7 mlrd ýewrodan 9,4 mlrd ýewro çenli düşewünt almagy meýilleşdirýär. Bu barada duşenbe güni Financial Times gazeti habar berdi.

VW-niň beýannamasyna laýyklykda, düşewündiň ýarysyna barabaryny bir gezeklik ýörite diwidentleriň tölegine gönükdirer, galan serişdeleri bolsa, akkumulýator tehnologiýasyna geçmäge goldaw bermek maksady bilen, ulag öndürijiniň özüne goýar.Frankfurtyň gazna biržasynyň söwdalaşyklarynda gymmatly kagyzlaryň bahasy, garaşylyşy ýaly, 76,7 ýewrodan 82,5 ýewro çenli bolar, munuň netijesinde bolsa, sport awtoulaglarynyň kysymynyň bahasy 70-75 mlrd ýewro ýetmegi mümkin.

Deslapky maglumatlara görä, 3,8 mlrd ýewro çenli bolan paýnamalary öňdebaryjy maýadarlar, öňi bilenem Kataryň we Abu-Dabiniň abadançylyk boýunça özbaşdak gaznalary, şeýle-de Norwegiýanyň banky alar.

Ýene degişli makalalar

Donald Tramp ýene-de ýylyň adamy saýlandy
Finlýandiýa Ukraina esger iberip biler
Dünýä bazarynda öňdebaryjy 10 kompaniýanyň paýy iň ýokary derejä ýetdi
Bütindünýä Banky dünýä jemgyýetçiligini Afrika üns bermäge çagyrdy
Pyrtykal şiresini mandarinden ýasamagy teklip edýärler
74 gatly ofis diňi gurlar