Vivo eplenýän ekranly telefonyny tanyşdyrdy

Vivo kompaniýasy X Fold Plus atly eplenýän ekranly telefonyny tanyşdyrdy.Dört kameraly telefon Hytaýda satuwa çykaryldy.Bu telefon ýokary tehniki aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. 8 dýuýmlyk 2K Plus durulygynda ekrany bolan mobil enjamyň eplenenden soňra görüp bolýan ikinji daşky ekrany FHD+ durulygynda bolup, ululygy 6,53 dýuým.

Wagtlaýyn ýady 12 GB bolan X Fold Plus-yň 256 GB hem-de 512 GB içki ýady bolan iki görnüşi bar.Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýyldan bäri öndürilýän eplenýän ekranly telefonlaryň kamerasy o diýen dury surata düşürmeýärdi.

Emma täze nesil telefonlaryň fotokameralary ep-esli gowulandyryldy.Bu telefonyň dört sensorynyň iň ulusy 50 MP durulygynda surata alýar.Ikinji sensory bolsa, 48 MP durulygynda ultragiň surata düşürip bilýär. Şeýle hem telefonda portret üçin 12 MP hem-de goşmaça 8 MP durulygynda kamera sensorlary bar.

Selfi kamerasy bolsa, 16 MP durulygynda surata düşürýär.

Şirin NURGELDIÝEWA,S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

2023-nji ýylyň garaşylýan smartfonlary
Ýuka hem çeýe smartfon öndürer
SENETÇILIK TEJRIBESIKÄMILLIGIŇ BELENT DEREJESI
iPhone 14-iň bahasy iPhone 13-iňkä garanda iki esse çalt düşýär
Apple islegiň pesligi sebäpli iPhone 14-iň önümçiligini artdyrmakdan ýüz öwürdi
Subaru XV krossoweriniň täze neslini görkezdi