Vitol Bahrain E.C. kompaniýasynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

Vitol Bahrain E.C. kompaniýasynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň wekilleri bilen Bahreýn Patyşalygynyň Vitol Bahrain E.C. kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berilýär.

Geçirilen duşuşygyň dowamynda ýurduň halkara ýüzüşi amala aşyrýan gämilerinde, şol sanda nebit we nebit önümlerini daşaýan gämilerinde, Halkara klassifikasion jemgyýetiniň talabyna laýyklykda, yzygiderli abatlaýyş işleri geçirilýändigi beýan edilip, taraplar gämileri abatlamak we maýa goýum goýmak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

2019-njy ýyldan häzirki güne çenli Deňizsöwdafloty paýdarlar jemgyýeti bilen Vitol Bahrain E.C. kompaniýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barlyp, milli flotuň nebit we nebit önümlerini daşaýjy tankerleri bolan Hazar, Alaja, Kenar, Etrek, Jeýhun, Sumbar gämileri arkaly kompaniýanyň çig nebit we nebit önümleri halkara ýüzüşlerde daşalýandygyny bellemek gerek.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürilmeginiň we meýilleşdirilýän meseleleriň amala aşmagy üçin degişli işleriniň geçiriljekdigini belläp geçdiler.

Ýene degişli makalalar

“Türkmendeňizderýaýollary” we “Vitol Bahrain E.C.” maýa goýum hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdylar
Azerbaýjanyň täze gämisi ilkinji ýüküni Türkmenistanyň portuna getirdi
06.02.2018 | 2017-nji ýylyň ýyl ýazgysy: nebitgaz toplumy
Jeýhun“ tankeriniň kapitanynyň uly kömekçisi Serdar Nyýazmämmedow--deňizçiler nesliniň wekilidir
Türkmen çig nebitiniň Eýrana eltilmegi togtadyldy