“VISA” töleg tehnologiýasy: sanly geçişiň 30 ýyly

27-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Ýyldyz myhmanhanasynda Visa töleg tehnologiýasynyň forumy: Merkezi Aziýada we Türkmenistanda innowasiýalaryň hem-de sanly geçişiň 30 ýyly atly halkara işewürlik forumy geçirildi.Dünýä tejribesine laýyklykda bank ulgamynda ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalar, Maliýe innowasion tehnologiýalarynyň puluň dolanyşygyna täsiri, Merkezi Aziýa banklarynyň Visa halkara töleg ulgamy bilen utgaşygy, Visa kompaniýasynyň tejribesine laýyklykda töwekgelçilikleriň öňüni almak we dolandyrmak ýaly mowzuklar boýunça geçirilen mejlisleri öz içine alan forumda sebit döwletleriniň arasynda degişli ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Bu forum Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.Onuň barşynda Türkmenistanyň Halkbank we Senagat paýdarlar-täjirçilik banklaryna hyzmatdaşlyk üçin baýraklar berildi.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna bolsa Visa International kompaniýasy bilen 30 ýyl bäri hyzmatdaşlykda has tapawutlanandygy üçin baş baýrak gowşuryldy. Çeşme: “Türkmenistan” gazeti /* custom css */ .td_uid_15_67485d6e8aef7_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67485d6e8aef7_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Daýhanbank Türkmenistanda bank kartlaryny bermekde öňdebaryjy boldy
Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň 67 sany ýeňijisi sylaglandy, Russiýa Federasiýasnyň Aşgabatdaky ilçihanasy Russiýanyň güni mynasybetli kabul edişlik geçirdi we beýleki habarlar
Türkmen banklary 2023-nji ýylyň ilkinji 5 aýynda 136 müňden gowrak plastik kart berdiler
Daýhanbank POS-terminallarynyň sany boýunça Türkmenistanda ilkinji orunda
Halkbank PTB mobil banking ulanyjylary boýunça Türkmenistanda öňdeligi eýeledi
Aşgabatda jemgyýetçilik ulaglarynyň tölegini täze nesil bank kartlary arkaly geçirmek mümkindir