Verifone Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklary işjeňleşdirmek, müşderilere töleg etmek üçin amatly şertleri hödürlemek maksady bilen, kassa apparatyny hem-de bank terminallaryny bir enjamda jemleýän POS-terminalyny hödürleýär.
Verifone elektron söwda amallaryny ýerine ýetirmek üçin tehologiýalary hödürleýän özboluşly platformadyr. Verifone söwda markasy dünýäde töleg terminallaryny hödürleýän iň iri brendleriň biridir, ol dünýäde iň geçginli POS-terminallaryň bäşligine girýär. Verifone terminallaryny söwda merkezlerinde, marketlerde, awtohyzmat merkezlerinde, taksi töleglerinde, ýangyç guýujy beketlerde, gözellik salonlarynda, hassahanalarda, Saglyk öýlerinde, dermanhanalarda, restoranlarda, kafelerde, dynç alyş merkezlerinde, otellerde ulanyp bolýar.
VeriFone VX675 apparaty bu SIM-kartanyň üsti bilen internete giriş mümkinçiligi bolan kiçi göçme enjam. Ol kartlaryň ähli görnüşlerini, şol sanda galtaşyksyz tölegleri kabul etmek üçin raýderler bilen enjamlaşdyrylan. Terminal ulanmak üçin ýeňil hem diýseň amatly. Müşderilere hyzmatlar ulgamynda ykjamlygy hem-de ýokary hili ilkinji nobatda goýýanlar üçin bu enjam tüýs ýerine düşen enjamdyr.
Verifone terminaly barada goşmaça maglumat almak hem-de ony birikdirmek üçin şu salgylardan habarlaşyp bilersiňiz: Telefon belgileri: +99312 44-99-84; +99312 44-99-94; +99363 79-11-12 Salgymyz: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 231, Oguzkent işewürlik merkezi E-mail: turkmeninnovation@gmail.com Instagram: verifone_tm