13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin bilen gepleşikleri geçirdi.
Netijeli duşuşygyň dowamynda ministrler çuňňur strategiki häsiýete eýe bolan türkmen-täjik gepleşikleriniň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.Bu nukdaýnazardan dürli derejelerdäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňligi aýratyn nygtaldy.Türkmen tarapy Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde meýilleşdirilýän köptaraplaýyn ugurdaş çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wekilçilikli toparynyň Duşenbe şäherine gelendigini belledi.
Gepleşikleriň çäginde R.Meredow we S.Muhriddin şu ýylyň 14-15-nji sentýabry aralygynda Duşenbede geçiriljek ýokary derejeli Sammitleriň gün tertibine degişli meselelere degip geçdiler. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmekde köptaraplaýyn tagallalaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.