2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde” atly halkara maslahat geçirildi. Halkara mediaforumyň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergidäki gymmatlyklar bilen tanyşdylar.
Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen Daşary işler ministrliginiň guramagynda geçirilen maslahatyň maksady Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten derejesini giňden ýaýmakdan we beýan etmekden, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça halkara hyzmatdaşlar bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr.
Türkmen, iňlis we rus dillerinde geçirilen halkara foruma Döwlet habarlar agentliginiň (TDH), Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, gazet-žurnallaryň ýolbaşçylaryndan hem-de işgärlerinden başga-da daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika fakultetleriniň talyplary gatnaşdylar.
“TASS” habarlar agentliginiň Baş direktorynyň birinji orunbasary, “Azerbaýjan Telewideniýe we radiogepleşikler” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, Hytaýyň “СGTN-Russian” teleýaýlymynyň, Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň, “Russia Today” teleýaýlymynyň, “Sodružestwo iskusstw” döwletara žurnalynyň, “Türkmenistan” halkara žurnalynyň, Özbegistanyň Milli habarlar agentliginiň we beýlekileriň wekilleri öz wideoçykyşlarynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşiginde, halkara maglumatlar giňişliginde günsaýyn artýan möhüm orny barada garaýyşlaryny beýan etdiler.
Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, metbugat we elektron neşirleriň hünärmenleriniň ýokary sanly tehnologiýalary işjeň ulanýandyklaryny nygtadylar.Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri türkmen kärdeşleri bilen döredijilik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Özara düşünişmek, dostluk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary maglumatlary alyşmak we zerur habarlary gyssagly ibermek üçin oňyn mümkinçilikleri döredýär.
Şeýlelikde, şu halkara maslahat Türkmenistanyň parahatçylygy, durnuklylygy, ählumumy durmuş-ykdysady ösüşi pugtalandyrmaga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanmasynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.