Uzynada ýatagynda ýangyç çig malynyň bol akymlary alyndy

Uzynada ýatagynda ýangyç çig malynyň bol akymlary alyndy

Türkmennebit döwlet konserniniň Nebitgazburawlaýyş trestiniň müdirlikleriniň zähmet toparlary uglewodorod çig malyna baý ýataklary senagat taýdan özleşdirmekde göreldeli işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler. Şunda Uzynada ýatagynda bitirilýän işler has-da döwrebaplygy bilen tapawutlanýar diýlip, Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýakynda bu ýerde burawlanýan 74-nji, 76-njy we 83-nji belgili ulanyş maksatly guýularda gazuw işleri üstünlikli tamamlanyp, olardan ýangyç çig malynyň bol akymlary alyndy.

Körpeje we Goturdepe buraw işleri müdirlikleriniň hünärmenleriniň gazuw işlerini tamamlan bu guýulary konserniň Nebitgazçykaryş trestiniň Gumdagnebit nebit-gaz çykaryş müdirligine tabşyryldy. Häzirki wagtda bu täze guýulardan her gije-gündizde 60 müň kub metrden gowrak mawy ýangyç we 60 — 70 tonna barabar gaz kondensaty alynýar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Ýanwar aýynda 300 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmennebit döwlet konserni boýunça üç aýda bellenilen meýilnamalar artygy bilen ýerine ýetirildi
Gumdagnebit nebitgaz çykaryş müdirligi tarapyndan bäş aýlyk meýilnama 136 göterim berjaý edildi
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Nebitgazylmytaslama institutynyň laboratoriýalary tarapyndan giň gerimli ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär