Tehnologiýa enjamlarynyň ösmegi, ulag serişdeleriniň köpelmegi ekologiýanyň hapalanmagyna getirip, adamyň ömrüniň dowamlylygyna täsirini ýetirýär. Geçirilen barlaglarda adadyr tokaý sebitlerinde ýaşaýanlaryň has uzak ýaşaýandyklary ýüze çykaryldy. Bilermenler munuň sebäplerini derňäp, uzak ýaşamak üçin ekologiýanyň arassa bolmagy bilen bir hatarda, sagdyn durmuş ýörelgesini yzygiderli ýöretmegiň möhümdigini belleýärler.
Tebigy hereket. Uzak ýaşamagyň ilkinji ädimi tebigy hereketden başlanýar. Pyýada ýöremek, bag ekmek, öý jandarlaryny idetmek, maşk etmek we sport zallarynda türgenleşmek saglyk üçin peýdaly bolup, özüňi has ýeňil duýmaga kömek edýär. Bilermenleriň bellemegine görä, günortanlyk we agşamlyk naharyndan soň, pyýada gezelenç etmek möhüm şertleriň biri bolup durýar.
Gün tertibini düzmek. Özüňize görä gün tertibini düzüp, şoňa görä hereket etmek, uzak ýaşamagyň möhüm şertleriniň biridir. Maksatsyz ýa-da garyşyk durmuş ýörelgeleri adamy çalt ýadadýar, höwesini gaçyrýar. Şol sebäpli maksat tutup, ilki bilen gün tertibiniň we işleriň meýilnamasyny düzmeli. Gerek bolan halatynda kagyza bellik etmeli. Durmuşda wagtyň gadryny bilip, tygşytly ulanmagy endik etmeli.
Özüňe erk etmek. Durmuşda duş gelýän ýagdaýlara we kynçylyklara sabyrly hem-de sowukganly çemeleşmek adam saglygy üçin ähmiýetlidir. Stres, aladaly ýagdaýlar nerw öýjükleriniň zeperlenmegine getirip, adamyň aňyny bulaşdyrýar, şeýle hem durmuşa bolan garaýşyna täsir edýär. Bilermenler dartgynly ýagdaýlarda maşk etmegi, meditasiýa sapaklaryny almagy maslahat berýärler.
Kadaly iýmitlenmek. Aşa köp iýmek, gereginden artyk naharlanmak bedeniň öz-özüne agram salmagyna getirýär. Semizlik we bedende artykmaç ýagyň toplanmagy işjeňligiň peselmegine getirýär. Irden we günortan kadaly iýmitlenip, agşamyna kiçi naharlar bilen iýmitlenmeli. Iýmit sanawynda ösümlik esasly ýaglaryň, süýt we gök önümleriň bolmagy hökmany şertleriň biridir.
Jemgyýetçilik gatnaşygy.Bagtly gatnaşyklar uzak ýaşamagy üpjün edýär.Geçirilen barlaglarda uzak ýaşaýanlaryň maşgala we jemgyýetçilik arabaglanyşygyny saklaýandyklary ýüze çykaryldy.Olar geçirilýän baýramçylyklara, çärelere maşgala agzalary, dost-ýarlary bilen bilelikde gatnaşypdyrlar.
Bu adamlaryň ynamyny artdyryp, özlerini bagtly we rahat duýmagyny üpjün edýär. Şeýle hem olar uzak ýaşamakda köp zadyň ýanýoldaşyňa baglydygyny belleýärler.Maşgala gatnaşyklary näçe mäkäm bolsa, ýaş nesilleriň arasyndaky gatnaşyklar şonça-da berk bolýar.