Uzak aralyga niýetlenen täze uçaryny synagdan geçirdi

Airbus kompaniýasy A321XLR atly bir koridorly ýolagçy uçarynyň ilkinji synag uçuşyny amala aşyrdy.Ilkinji uçuşy şowly tamamlanan uçaryň 2024-nji ýylda önümçilige goýberilmegine garaşylýar.A321XLR (extra Long Range) uçarynyň dört ýarym sagatdan gowrak dowam eden uçuşynda uçuşa gözegçilik ulgamy, motorlary we beýleki enjamlary pes we ýokary tizlikde barlanyp görüldi.

Germaniýanyň Gamburg howa menzilinden amala aşyrylan uçuşa uçarmanlardan başga-da inženerler hem gatnaşdylar.Täze uçaryň her orun üçin 30 göterim az ýangyç sarp edýändigi, ýangyç bilen bir gezek doldurylanda 8 müň 700 kilometr ýol geçip, 11 sagat uçup bilýändigi mälim edildi. 180-220 orunlyk uçardan eýýäm 500-iniň sargyt edilendigi aýdyldy.Kompaniýanyň iň uly bäsdeşi bolan Boeing bu uçaryň deňeçerini öndürjekdigi barada häzire çenli maglumat bermedi.

Ýene degişli makalalar

“Airbus”-yň uzak aralyga niýetlenen täze uçary
Hytaýly kosmonawtlar kosmosa gitdi
Nio markanyň taryhynda iň kuwwatly elektromobili çykardy
Hytaý kosmos bekedine kosmonawtlaryň üçünji toparyny iberdi
Dünýäniň iň uzyn aýna köprüsi açyldy
Kosmos bekediniň gurluşygy dowam edýär