Türkmenistanda soňky bir ýylda paýtagt Aşgabat bilen welaýatlaryň adminstratiw merkezleriniň arasynda ýolagçy awtobuslarynyň gatnawy ýola goýuldy, emma ençeme sagatlyk uzak ýola gidýän adamlaryň iň ilkinji amatlyklary, zerur hajatlary bir ýyl bäri gözden salynýar.
“Aşgabatdan welaýat merkezlerine açylan awtobus gatnawy soňky döwürde edilen iň gowy işleriň biri diýse bolar; birinjiden, awtobuslar günde gatnaýar, ikinjiden, uçar, otly biletleriniň bahalary iki esse gymmatlady we elin awtobus gyssagly ýola çykan adamlaryň maňlaýyndan diredi” diýip, anonim şertde gürleşen ýolagçy Azatlyk radiosyna gürrüň berdi.
Ýolagçylaryň gürrüň bermeklerine görä, Aşgabatdan Krasnowodskä (häzirki Türkmenbaşy) gatnaýan awtobus 570 km ýoly ortaça 12 sagatda geçse, Mara gatnaýan awtobus 360 km ýoly ortaça 7 sagatda geçýär; Daşoguz bilen Aşgabadyň arasy 540 km, awtobusda bu aralygy ortaça 12 sagatda geçýärler, Türkmenabada barmak üçin hem awtobus ortaça 12-13 sagat ýöreýär.
Ýöne ýolagçylar awtobus biletleriniň hem, ilatyň aýlyk-girdeji ýagdaýlaryny nazara alanyňda, beýle arzan däldigini belleýärler.
Mysal üçin, Türkmenbaşa gitmek üçin 44 manat, Mara gitmek üçin 29 manat, Türkmenabada gitmek üçin 45 manat, Daşogza gitmek üçin 43 manat tölemeli. Ýöne adamlar biletleriň bahasyndan şikaýat etmeýärler. Olaryň esasy aňyny kejikdirýän zat dört ugur boýunça gatnaýan awtobuslaryň dördüsinde hem gaýtalanýar we ol uzak ýola gatnaýan ýolagçylaryň ýolda ýazylmak, giňirgenmek meselesi bilen bagly.
Bu awtobuslar ýolda uly şäherlerde, mysal üçin, Türkmenbaşydan ugran awtobus Nebitdagda, Gazanjykda, Gyzylarbatda saklanýar, emma bu ýerlerde ýolagçylar üçin ne çaýhana, ne hajathana bar. “Wah, açlyk bilen oňuşsa bolýar, ýa-da ýanyňa bir döwüm çörek alýarsyň, emma hajatyňy bitirmäge ýer ýok, onsoň ýolda sürüjiden ýylgynyň-beýlekiň gürüräk biten ýerinde saklanmagy haýyş etmeli bolýarsyň” diýip, 60 ýaşly balkanly ýolagçy gürrüň berdi.
Awtobuslar Mary tarapyna gidende hem şeýle ýagdaý gaýtalanýar. Emma Daşogza gatnaýan awtobus Aşgabatdan 90-100 km uzaklaşansoň gumuň içine girýär we gyssag düşren ýolagçylar sürüjiden saklanmagyny haýyş edip, depeleriň arkasyna ýaýraýarlar.
Awtobuslaryň hiç biriniň içinde tualet ýok diýip, ýolagçylar gürrüň berýärler.
Awtobus bilen welaýat merkezlerine gatnaýan ýolagçylaryň ikinji kynçylygy olaryň göni Aşgabada gelmän, paýtagtyň daşyndaky, Çoganly şäherçesiniň demirgazygyndaky halkara awtoduralgasy bilen bagly. Olar bu ýerden Aşgabada aşmak üçin elin awtobus tapmasalar, taksi tutmaly bolýarlar we 45 manatlyk biletleri soňy bilen 60 manada düşýär.
Welaýat merkezlerine gatnaýan awtobuslaryň ýene bir kemçiligi bolsa, olaryň içiniň ýyladyş we sowadyş sistemasy bilen bagly. “Ýaş çagaly bolsaň ýa sowuga çydamsyz bolsaň, gyşyna awtobusly uzak ýola çykmajak bolmaly, awtobuslaryň içi hiç wagt bolmaly derejesinde ýyladylmaýar” diýip, Azatlygyň 60 ýaşly söhbetdeşi aýtdy.
“Kondisioner bar diýýärler, ýöne ol işlemeýär, onsoň awtobuslarda tomsuna penjireleri açýarlar, garşydan gelýän gyzgyn howa çydap oturmaly bolýar” diýip, başga bir ýolagçy hem öz başdan geçirenlerini paýlaşdy.
Türkmenistanlylar indi uzak ýyllar bäri Aşgabatdan regionlara gatnaýan arzan we çalasyn elektrik otlulularynyň arzuwyny edýärler. Bu pikir käte hökümet derejesinde hem orta atylan ýaly edýär, emma soň ýatdan çykyp galýar.
Ekspertler Türkmenistanyň soňky ýyllarda iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýändigini aýdýarlar. Şol bir wagtda Türkmenistanyň 43 milliard dollarlyk gurluşyk desgalaryny gurýandygy habar berilýär.