Uzaga çeken çabga sebäpli Aşgabady we töwereklerini suw basýar

Uzaga çeken çabga sebäpli Aşgabady we töwereklerini suw basýar

Paýtagtda dowam edýän ýagyn suwlary köçeleri basdy. Transport gatnawyny kynlaşdyrdy. Ýaşaýyş jaýlaryň ýerzeminlerinde üýşen suw lagym turbalarynyň sandan çykmak howpuny güýçlendirdi. Güýçli ýagyş Aşgabadyň etegine sil getirdi. Mary we Balkan welaýatlarynda howply ýagdaý emele geldi. Tebigy hadysany hökümet derejesinde boýun almaýan ýurtda ilat adaty bolmadyk bu suw-siliň netijeleri bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Ýagan güýçli ýagyşyň netijesinde Aşgabatda ýaşaýyş jaýlaryň ýerzeminlerini, merkezi köçelerdäki dükanlaryň we edara jaýlaryň ençemesini suw başdy. Habarçylar uly mukdardaky ýagyş suwunyň gidere ýeri bolman, toplanandygyny, köp bolmadyk suw akabalaryň hem hapa we palçyk bilen dolandygyny belleýärler. Parahat etrapçalarynda kanalizasiýa guýularyndan çüwdürim ýaly suw akýar.

"Köp jaýyň ýerzeminleri dyza çenli suwdan dolup, akyp gitmek üçin ýeri bolmadyk ýagyş suwuň ýygnanmagy dowam edýär. Käbir jaýlarda suw deşiklerden we jaýryklardan syzyp geçýär, bu ýagdaýda bir ýere üýşen suw kem-kemden azalýar" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 17-nji maýda gürrüň berdi.

Bulamak ýagyş suwuny käbir ýerlerde öňden bäri üýşüp uran ýerasty suwlar bilen birleşýär. Bu ýagdaý käbir köpgatly ýaşaýyş jaýlarynda abatlanmadyk kanalizasiýa turbalarynyň sandan çykmak howpuny döredýär we ýaşaýjylary alada goýýar.

"Bu ýagdaý örän uly antisanitariýa howpuny abandyrýar. Jaýlaryň lagym suw akabalary kadaly işlemän ýerzeminlerde ýyllarboýy topugyňa ýa-da dyzyňa çenli toplanan hapa suwlar ýaşaýyş jaýlaryň ýerzeminlerine ýagyş suwynyň hem goşulmagyndan soň köpelip, peşew galyndylaryny ýokary göterdi. Jaýlaryň otaglarynda gözi ýaşardýan ysdan ýana oturar ýaly bolmady" diýip, habarçymyz aýdýar.

Habarçylar bu ýagdaýyň Aşgabadyň Howdan "B" , 11-nji we 30- njy etrapça degişlidigini gürrüň berýärler we ýakymsyz ysyň jaýlaryň töwereginde hem güýçli duýulýadygyny aýdýarlar.

Aşgabadyň töwereginde ýagyn sil suwlarynyň dökülmegine getirdi. Sil suwlaryndan uly zyýan çeken ýerleriň arasynda paýtagtyň günortasynda ýerleşýän Gökdere we bu ýerdäki çagalaryň dynç alyş zolaklary.

Prezidentiň Arçabildäki dynç alyş köşgüne hem uly zyýan ýetendigini aýdylýar.

"Häzir şol ýere abatlamak işlerini geçirmek üçin barmaga mümkinçilik ýok. Şol sebäpli siliň akyp gutarmagyna garaşmaly bolar. Prezidentiň köşgüniň içine suwuň dolmagy bilen ähli goşlary ulanmaz hala düşdi. Resmiler indi prezidentiň gaharyna we gazabyna duçar bolmaz ýaly, ýagdaýy nädip özlerine has oňaýly şekillendirmegiň we dikeldiş işler üçin gol çekdirmegiň ýoluny gözleýärler" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme habarçymyza aýtdy.

Türkmenistanyň giňişliginde bir hepde bäri dowam edýän güýçli ýagyn we sil barada döwlet metbugaty habar bermedi, howa maglumatlarda howanyň ýagyşly boljagy agzalyp geçildi. Türkmen resmileri bu tebigy hadysany henize çenli agzaman gelýär.

Şeýle-de bolsa çeşmeler tebigy hadysanyň hökümetiň aladasyny artdyrandygyny aýdýarlar.

Aşgabadyň polisiýa bölümleriniň ýolbaşçylaryna hüşgärlik derejesini ýokarlandyrmak buýruldy, olaryň goly astyndaky işgärlerinden köçelerde nobatçylyk etmek tabşyryldy. Polisiýa işgärleri hususan-da, raýatlaryň bolýan ýagdaýlary surata düşürmezligine gözegçilik etmeli.

"Raýatlar erkek, zenan bolmagyna garamazdan, ellerinde mobil telefony bolsa saklamaly. Dowam edýän tebigy hadysanyň netijesinde köçelere, binalara, çyralara ýetirlen zyýanlaryny surata düşürýän raýatlaryň öňüni almaly, we ýazga düşürilen suratlary ýok etmeli" diýip, çeşmeleriň ýene biri buýruk barada gürrüň berdi.

Aşgabatly gurluşyk bilermenleri ýagyş suwunyň şeýle uly mukdarda jemlenmeginiň esasy sebäbini binalaryň we ýollaryň gurluşygynda artykmaç suwy akdyrýan sistemalaryň göz öňünde tutulmandygy bilen düşündirýär.

"Aşgabatda we onuň töwereginde öňden bäri dörän tebigy akabalar, sil suwunyň akabalary soňky ýyllarda gömüldi we üstünden bina guruldy" diýip aşgabatly bilermen aýtdy.

Bu aralykda Balkan welaýatynda 16-27-nji maý aralygynda howanyň ýagyşly boljagy we güýçli ýel döräp, dag etegindäki ilatly nokatlara sil suwy howpuny döredip biljegi ähtimal, diýip, anonim gürleşen gidrometeorologiýa bilermeni aýtdy.

"Bereket iň howply sil suwyndan zyýan çekýän sebit welaýatda sil suwy üçin jar kanallary zibil taşlaýan ýere öwürdiler. Geçen gezek sil gelende kanal musordan dykylyp ilatyň üstüne suw geldi. Jary arassalamak üçin etrapda ekskawator ýok" diýip, ýerli çeşme gürrüň berdi.

Mary welaýatynda ýagan ýagyş oba hojalygyna uly zyýan ýetirdi.

Sakarçäge, Baýramaly, Türkmengala, Ýolöten, Tagtabazar etraplarynda daýhan birleşikleriniň we geňeşlikleriniñ ekin meýdanlaryny suw basyp, birnäçe gün bäri ekinler suwyň aşagynda ýatyp, çüýredi.

"Ençeme daýhanyň 20-30 gekdarlap eken pagtasy çüýredi, diňe pagta däl eýsem eken bugdaýlary hem duran ýerinde çüýräp barýar" diýip ýerli habarçymyz aýdýar.

Baýramaly etrabynda köp ýerleriň pesde bolmagy sebäpli köçeleri, ýaşaýyş jaýlaryň içini suw basdy. Habarçylaryň sözlerine görä, ýagan ýagyşdan soň häzire çenli adamlar ol köçelerde ýöräp öz öýlerine baryp girip bilmeýärler. Käbirleri suw çekilýänçä öz ýakyn hossarlarynyň öýlerinde bolmaly bolýarlar. Jemagat işgärleri suw basan ýerleri arassalap, ýetişmeýärler.

Öňümizdäki günlerde boljak howa baradaky çaklamalar ýerli ýaşaýjylaryň arasynda aladalary artdyrdy.

Howa maglumatlayrny çap edýän "Meteožurnal" Türkmenistanda ýene-de üç gün, iň bolmanda 19-njy maýa çenli ýagyşyň dowam etjekdigini habar berdi. Birnäçe sebitde güýçli, ýyldyrymly ýagyş bolar. Dag eteklerinde sil we suw joşmalary bolup biler. Ýakyn üç günüň dowamynda birnäçe sebitde 20-45 mm ýa-da ondanam köp ýagyş bolup biler diýip, neşir habar berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Abdulkadir Uralogly Azerbaýjan bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändiklerini habar berdi
Uralogly: "Türksat 6A-ny 2024-nji ýylyň iýun aýynda älem giňişligine uçurarys" diýdi
Işewürlik-daýdžest: 31-nji oktýabrdan 6-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
Abdulkadir Uralogly BAE-niň Maýa goýum ministri bilen duşuşyk geçirdi
Türkiyäniň ilkinji ýerli we milli sürüjisiz metro ulagy