Türk Diliniň Jadyly Dünýäsi atly gepleşigimiziň şu günki nobatdaky bölüminde Uýgur Türkçesiniň üstünde durup geçmek isleýäris.
Döwrebap Türk dili ugrunyň geografik we lingwistik esaslaryna laýyklykda Günorta-gündogar ýa-da Garlyk toparynyň düzüminde bolan Uýgur türkçesi, şu günki gün esasan hem Gündogar Türkistanda ulanylýar.Türkleriň iň köne ýaşaýyş ýerleriniň biri bolan we türk medeniýetiniň iň baý ýadygärliklerini özünde jemleýän Gündogar Türkistan, taryhy tapgyrda “Türkleriň ýaşaýan ýeri” manysyndaky syýasy we geografik söz hökmünde ulanylýan Türkistanyň gündogarynda ýerleşýär. Şu gün Hytaýyň häkimiýeti astynda bolan sebitiň ady 1884-nji ýylyň 18-nji noýabrynda “Täze Toprak” manysyna gelýän “Sinszýan” ady bilen gönüden Hytaý imperiýasyna birikdirildi. Şol at bilen 1955-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda bolsa Uýgur Awtonom zolagy ýa-da Sinszýan Uýgur Awtonom zolagy sebiti döredildi.
Sebitiň paýtagtynyň “Dihua” bolan köne ady “Urumçi” hökmünde üýtgedildi.
Gündogar Türkistanda Turfan, Kumul, Aksu, Kaşgar, Hoten, Ili, Çöçek we Altaý atlaryny göterýän 8 aýry dolanşyk zolagy bar.Ilaty bolsa 1993-nji ýyldaky soňky görkezijilere görä 16 milliondan gowrakdyr. Şol ilatyň 47 göterimini bolsa uygur türkleri emele getirýär.
Gündogar Türkistan serhetleriniň daşynda goňşy Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan, Owganystan, Pakistan, Hindistan, şeýle hem Türkiye we Saud Arabystanynda takmynan 500 müňden gowrak uýgur bardygy kabul edilýär.
Bilişimiz ýaly Uýgular biri VIII asyryň ortasynda şu günki Mongoliýanyň territoriýasynda (745 - 840), beýlekisi bolsa IX asyryň ortasynda häzirki ýurtlarynda (850 - 1250) bolmak bilen iki aýry döwlet esaslandyran türk halkynyň nebereleridir. “Uýgur” ady ilkinji sapar Bilge Han ýazuwlarynyň gündogar tarapynda, 37-nji setirinde Uýgur Iltebiriň adynyň üsti bilen agzalyp geçilýär.
Bilge Han ýazuwlaryndan başgada tapawutly taryhy çeşmelerde, biri-birinden tapawutly görnüşlerde agzalyp geçilýän “Uýgur” adynyň manysy we gelip çykyşy barada tapawutly garaýyşlar bardyr.Olaryň biri, has takygy Uýgur türkleri tarapyndan kabul edilýän “Uýgur” sözüniň “Birleşenler” ýa-da “Hyzmatdaşlyk edýänler” manysyna gelýär.
Uýgur sözüniň bu manysy, meşhur Türkolog Radlow tarapyndan hem 1070-nji ýylda Uýgur ýurdunda tamamlanan we häzirki güne çenli gelip ýeten musulman türk medeniýetiniň deňsiz-taýsyz eserleriniň biri bolan “Kutadgu Bilig” üçin ýazylan öňbaşçysynda, rowaýatlaryň birine esaslanyp goldanypdyr.
Türk diliniň we medeniýetiniň ösmeginde uýgur türkleri möhüm orny eýeleýär. Häzirki döwürde türkologlar we dilçiler tarapyndan köne we täze döwür hökmünde ele alynýan uýgur türk dili bolsa, Göktürk ýazuw dilinden soň eser öndürip başlan örän çuňňur taryha eýedir.
Jemgyýetiň ýazuw diliniň bolmagy we şol ýazgy bilen bilim, ylmy tekstler we pikir önümlerini öndürmegi şol jemgyýetiň medeniýetiniň ýagny siwilizasiýasynyň alamatydyr.
Köne uýgur türkleri başda Göktürk ýazuwyny ulanypdyrlar. Eserleriň az bölegi Sogd elipbiýi bilen, agramly bölegi bolsa Sogd ýazuwynyň funksional görnüşinden gelip çykan Uýgur elipbiýi bilen, kiçiräk bir bölegi bolsa Mani elipbiýi bilen ýazylypdyr. Brahmi we Tibet elipbiýleri bilen ýazylan az sanda Uýgur türk dilindäki ýazgylar hem bar.
Häzirki wagtda Yslam dinine eýe bolan Uýgur türkleri maniheizm, budizm we hristianlyga eýe bolupdyrlar.Ondan soň Uýgurlaryň arasynda uly göwrümli terjime işleri başlap, Sogd, Hytaý, Tibet, Tohar we Sanskrit çeşmelerinden terjimler edilipdir.
Bu terjimeler arkaly ady agzalan dillerden Uýgur Türkçesine köp mukdarda daşary ýurt sözleri giripdir.Uýgurlardan galan eserleriň arasynda köpüsi asyl we käbirleri terjime edilen dini ýazgylar, goşgular, nakyllar we hekaýalardan daşary, astronomiýa, saglyk bilen bagly maglumatlar we hukuk resminamalary hem bar.
Ady agzalan hukuk resminamalaryň üstünde işlän nemes arheolog we Orta Aziýa barlagçysy A.Won.Le Kok şol barada: “Şol wagtky Ýewropa bilen deňeşdirilende Uýgurlar bu ugurda-da has başarnyklydylar. Şol döwrüň näçe ýewropaly gala lordlary golýazma we degişli kanuny aňlatmalar bilen şertnama baglaşyp bilýärdi?
Uýgurlarda obanyň ýaşaýjysy we söwdegär oňa ukyplydy.Hukuk formulalary we kanunlar, ýokary derejede ösüpdir, tertipli hukuk tejribesine şaýatlyk edýär” diýip belledi.
Köne uýgur türk dilinden şu güne çenli saklanyp galan iň möhüm eserleriň arasynda Yrk Bitig, Altyn Ýaruk, Şazada Kalýanamkara we Papamkara hekaýalaryny aýdyp bileris.
Türk Diliniň Jadyly Dünýäsi atly gepleşigimiziň şu günki nobatdaky bölüminde Uýgur Türkçesiniň üstünde durup geçdik.
TRT TSR üçin Prof.Dr. Gülsüm Killi Ýylmazyň gözegçiligi astynda Saida Burkhanidinowa tarapyndan taýarlanan Türk Diliniň Jadyly Dünýäsi atly gepleşigimizi diňlediňiz. Nobatdaky bölümde duşuşýançak hoş sag boluň.