Uýgur Türkçesi - 2

Uýgur Türkçesi - 2

Eziz ildeşler. Şu gün biz size Türk Diliniň Jadyly Dünýäsi atly gepleşigimiziň 3-nji bölümini dykgatyňyza ýetirmekçi. Gepleşigimiziň bu gezekgi bölüminde Köne Uýgur Türkçesiniň dowamy bolan Täze Uýgur Türkçesiniň üstünde durup geçmek isleýäris.

Täze Uýgur Türkçesi Köne Uýgur Türkçesiniň wagtyň geçmegi bilen tapawutly özgerişlere we üýtgeşmelere baglylykda emele geldi.Türkologlar we dilçiler tarapyndan häzirki wagtda gepleşilýän türk dialektleriň arasynda köne türkçä, has açyk aýtmaly bolsak, Türk diliniň Göktürk-Uýgur-Garahanly döwletleriniň çäginde 6-9-njy asyr aralygynda ýeke täk ýazmaça dil hökmünde ulanylan türkçä iň ýakynydygy bilinýär. Şol nukdaýnazardan seredilende, Uýgur Türkçesi Çuwaş türk dilinden daşary, häzirki türk dialektleri üçin esasy ene dil häsýetindedir.

Häzirki wagtda gepleşilýän türk dialektleriň taryhy taýdan uly ähmiýete eýe bolan Uýgur türkçesi, gepleşigimiziň geçenki sanynda hem aýdyp geçişimiz ýaly Gündogar Türkistanda gepleşilýär. Uýgur türkçesi Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan, Owganystan, Pakistan, Hindistan, Türkiye we Saud Arabystany ýaly döwletlerde ulanylýar.

Mälim bolşy ýaly 20-nji asyryň başyna çenli Türkistandaky türki halklar umumy ýazmaça dil hökmünde Çagataý türk dilinden peýdalanýardylar. Şol wagtdan soň SSSR-iň dil syýasatynyň netijeleriniň biri hökmünde dilleriň ýazuw diline öwrülmegi bilen Uýgur türkleri hem şu günki Urumçi şiwesiniň esasynda edebi dil emele getirdiler.

Uýgur türkçesi gepleşilen mahaly geografik we geçmiş gatnaşyga laýyklykda arap, pars, hytaý we rus dilleriniň täsiri astynda galan hem bolsa, bilim 1930-njy ýyllardan soň Merkezi dialekt toparynyň esasynda döredilen edebi dil arkaly amala aşyrylmaga başlandy.

Bu okuw dili şu gün esasy ulanylýan sebitde Hytaýyň dil syýasaty we jemgyýetçilik faktorlar sebäpli gowşan hem bolsa, Uýgur türkçesiniň gepleşilýän beýleki sebitlerde esasan hem uniwersiteden ozalky bilim ojaklarynda barlygyny dowam etdirýär. Şoňa laýyklykda uýgur türkleriniň ene dillerinde bilim almak mümkinçilikleri şu günki gün çäkli bolmagyna garamazdan, ady agzalan diliň işjeňligi, ony ulanýan adamlaryň gündelik durmuşdaky aragatnaşyklarynda, medeni çäreler, milli däp-dessurlar we gündelik adatlarda, bilim we metbugat ýaly ýazmaça eserlerde hem ene dillere ähmiýet berilmelidigi ýaly çemeleşmäniň saýasynda goralmaga dowam edilýär.

Uýgur türkçesiniň giňişleýin işjeňlige eýe bolmagy, ýaş nesil tarapyndan öwrenilmegi we geljekde ýaşadylmagy diňe uýgur türkleri taýdan däl, eýsem şol bir wagtda türk dialektleriň taryhy taýdan hem örän ähmiýetlidir.

Eziz ildeşler. Şu gün biz size Türk Diliniň Jadyly Dünýäsi atly gepleşigimiziň 3-nji bölümini dykgatyňyza ýetirdik. Gepleşigimiziň bu gezekgi bölüminde Köne Uýgur Türkçesiniň dowamy bolan Täze Uýgur Türkçesiniň üstünde durup geçdik.

TRT TSR üçin Prof.Dr. Gülsüm Killi Ýylmazyň maslahat bermeginde Dr. Saida Burkhanidinowa tarapyndan taýarlanan “Türk Diliniň Jadyly Dünýäsi” atly gepleşigimizi diňlediňiz.

Ýene degişli makalalar

Uýgur Türkçesi
Saha Türkçesi - 1
Türk dialektleriniň toparlara bölünişi
Sary Uýgur Türkçesi
Garagalpak Türkçesi
Tywa Türkçesi