Usyk bilen Joşuanyň haklaşyk duşuşygynyň wagty belli boldy

Boks boýunça agyr agramyň iki ägirdi britaniýaly Antoni Joşua bilen ukrainaly Aleksandr Usygyň arasyndaky haklaşyk tutluşygyň geçiriljek wagty mälim edildi.Gyzyl deňizdäki gazap ady bilen guraljak duşuşykda şu ýylyň 20-nji awgustynda Saud Arabystanynyň Jidde şäherindäki “Super Dome” arenada geçiriler.

Iki boksçy geçen ýylyň sentýabrynda duşuşyp, 35 ýaşyndaky Usyk WBA-nyň, WBO-nyň, IBF-niň hem-de IBO-nyň çempionlyk guşaklary ugrundaky bu tutluşykda ýeňiş gazanypdy.Usyk karýerasy boýunça geçiren 19 duşuşygynda ýeňiş gazanmagy başardy.

32 ýaşyndaky Joşua bolsa 26 gezek ringe çykyp, şolarda 2 gezek ýeňlişe sezewar boldy. Ol 2019-njy ýylda meksikaly Endi Ruiz Juniordan ýeňlipdi. Haklaşyk duşuşygynda garşydaşyny ýeňip, guşaklaryny yzyna alan Joşuanyň 2-nji ýeňlişi Usyk bilen bolan duşuşykda hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

Joşua Usykdan ýene-de asgyn geldi
Iki ägirt iki gezek özara duşuşarlar
Golowkin ýene Alwarezden ýeňildi
Fýuri üçünji söweşde Uaýlderi ýeňip, WBC boýunça dünýä çempiony titulyny gorady
“The Ring” žurnaly 2020-nji ýylyň iň gowy boksçylaryny belli etdi
Joşua bilen Powetkiniň tutluşygy