Ussatlar ýarmarkasy: döretmek sungaty

Şu ýylyň ilkinji art-bazary Aşgabat söwda merkezinde geçirildi. Çeper elli zenanlar, elinden dür dökülýänler we nakgaşlar ýene-de öz üýtgeşik eserlerini köpçülige hödürläp, özboluşly dünýägaraýşy, güýçli fantaziýasy we işleriniň nepisligi bilen bu ýere gelenleri özüne maýyl etdiler.

Ine, Şemşat Mämmedowa ýanyndaky ýaş gelniň suratyny çekip otyr. Surat nepis çykypdyr. Bolmanda näme! Türkmenistanyň Nakgaşlar birleşiginiň agzasy Şemşat A. S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda işleýär, 2016-njy ýylda bolsa döredijilik işgärleriniň arasynda geçirilen milli bäsleşikde ýeňiş gazandy.

-Men art-bazaryň demokratik ruhuny halaýaryn. Bu ýerde döretmek sungaty öňe çykýar diýip Şemşat gürrüň berýär.

Edil bu sözleri tassyklaýan ýaly biz üýtgeşik jaýty burun, hüžžük, gözleri hileli gülüp duran bolsa-da, yrymlara ynansaň, öýi gözden-dilden goraýan, öý eýeleriniň abadançylgyny dileýän eýejik heýkeljiklerine gabat geldik.

Täze jaýa göçülip barlanda Eýejik gowy sowgat bolsa gerek.Bu geň galdyryjy zatlary ozal buhgalter bolup işlän Ýelena Grişina döredipdir.Ol pensiýa çykandan soň halaýan güýmenjesi bilen ymykly meşgul bolupdyr.

Galyberse-de, ol döredijiligine ejesi bilen gyzyny hem çekipdir.Olar diňe eýejikleri ýasap oňmaýarlar.Mysal üçin, Bagt getirýän çitimler ýaly naşyja sowgatlyklar hem bar.Isle yananyň, isle-de barlaň...

Üýtgeşik daşlardan emele gelen bagy diýsene! Maksat Nowruzow bu üýtgeşik gözel bag barada gürrüň berse, şeýle nepisligi onuň uýasy Irina Şermedowa döredýär. Ýantar agajy, satyjynyň aýtmagyna görä, adam energetikasyny dikeldýär, gaplaňgözden ýasalan ýaprakly agaç ýagdaýyňy gowulandyrýar, hytaýça in-ýan diýilýän ak-gara monjuklardan ýasalan agaçjyk bolsa, ýanýoldaşyňy tapmaga ýardam edýärmiş. Geň zat!

Inna Lýogenkaýa bilen onuň gyzy Anna kiçijik suw kädilerden owadan hanymlaryň şekillerini döredipdirler. Olaryň gapdalynda bolsa türkmen halk ertekileriniň äheňinde nagyş salnan toýun okaralar, suratlar goýlupdyr.

Lýudmila Belýaýewa gyzy Anna bilen gelşiklije örme oýunjaklar öndürmegi ýola goýupdyr. Olar uzyngulak towşanlaryň, gülgüne-ak jojuklaryň, adaty zolakly däl-de, nohutgülli zebrajyklaryň heýkeljiklerini getiripdirler; art-bazara barsaň, gör, nämä duşmaýarsyň diýsene!

Eli hünärli adamlaryň fantaziýasynyň çägi ýok. Biz Luiza Sabitowanyň Aşgabat söwda merkezinde ýerleşýän dükanyna baranymyzda muňa anyk göz ýetirdik. Yhlas siňdirilip ylham bilen döredilen her hili suratlarda, bižuteriýalarda, ýumşak oýunjaklarda, sowgatlyklarda olary ýasanlaryň zehini we mähri duýulýar. Bu üýtgeşik zatlary Luiza hanym we art-seh boýunça onuň kärdeşleri döredipdirler.

Bu ýerden zat alsaňyz-almasaňyz hem kreatiw baý ideýalardan lezzet aljakdygyňyz-a gürrüňsizdir.

Ýene degişli makalalar

Pariže türgenler we olimpiýa toparlary gelýärler
Braziliýa Kopa Amerikada ýaryşdan çykdy
Köp gatnawly howa menzilleri
Pep we onuň şägirtleri (makala)
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematogtafiýa baradaky döwlet komitetine ABU-na agzalyk teklip edildi
Türkmenistanda Gadymy Änew medeniýeti atly halkara ylmy maslahat geçirildi
Luiza Pampelli: Garry atam R.Pampelliniň Änewde eden arheologik açyşyna 120 ýyl dolýar