Ussat sazanda, halypa mugallymyň ýagty ýadygärligine geçirilen konsert

Ussat sazanda, halypa mugallymyň ýagty ýadygärligine geçirilen konsert

Ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, ussat halypa mugallym, sazanda, Allaberdi Allaberdiýewi ýatlap, onuň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp duşuşyk konserti geçirildi.

Bu dabaraly duşuşyk konsertine Türkmenistanyň halk artisti hem-de Kompozisiýa kafedrasynyň dosenti Baýramdurdy Hudaýnazarow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri we sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory Çaryýar Jumaýew hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymlary, Türkmenistanyň sungatda at gazanan medeniýet işgärleri Öwezmyrat Gandymow hem-de Nepesmuhammet Meredow dagylar halypany ýatladylar.

Ilki bilen çykyşy tegelek stoluň başynda halypa kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarow başlady. Ol halypada ilkinji alan tälimlerini öwrenendigini, ýagny dutar galmagyň inçe tilsimleridir, tärleri barada belläp geçdi. Yzysüre halypa kompozitoryň şol talyplyk ýyllarynda ýazan Annaberdi Agabaýewiň sözlerine döreden Ene elleri atly aýdymyny Ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň uly mugallymy Begenç Gaýypowyň fortepianoda Maral Orazlyýewanyň sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirmeginde ýaňlandy.

Soňra bolsa, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgärleri Öwezmyrat Gandymow we Nepesmuhammet Meredowyň sazçylyk uçilişýasynda halypa mugallymda dutar çalmagyň usullaryny we şol sanda notada saz ýazmagyň ilkinji tärlerini Allaberdi halypadan öwrenendiklerini belläp geçdiler. Başgada olar, halypa bilen birnäçe gyzykly we şatlykly ýatlamalary ýylgyryp gürrüň berdiler.

Konsertiň dowamynda soňra, Öwezmyrat Gandymowyň türkmen halk sazlaryndan düzülen Konsert eserini, Türkmen sazy hünäriniñ II ýyl talyby dutarda Aýnäzli Rahmanowa, fortepianoda Maýagözel Nazarowanyň sazandarlyk etmeginde ýaňlandy.

Soňra bolsa Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijisi, konserwatoriýany Halk saz gurallary kafedrasynyň dekany Aganazar Öwezgeldiýew Nagyş atly türkmen halk sazyny Pürli aganyň hasaby boýunça Nepesmuhammet Meredowyň nota geçirmeginde çalyp berdi. Bu uly göwrümli eseri ussatlyk bilen ýerine ýetireni üçin konsertde oturan talypdyr mugallymlaryň şowhunly we gyzgyn elçarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Soňra bolsa duşuşyk konsertiň jemi boýunça çykyşy halypa mugallym, Türkmenistanyň at gazanan artisti Halk saz gurallary kafedrasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory Çaryýar Jumaýew bilen dowam etdi.Ol halypada geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynda gysga wagtlaýyn okandygyny belläp geçip, onuň bilen bile bolan gyzykly we şatlykly ýatlamalaryny paýlaşyp, tomaşaçylaryň üns merkezini özüne çekdirip diňletdi.

Söhbetdeşlikden soňra, jemleýji saz hökmünde Halk sazy fakultetiniň Türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy Sapamyrat Amanmyradowyň gyjakda ýerine ýetirmeginde Bibi atly türkmen halk sazy ýaňlandy.Ondan soňra halypa barada umumy söhbetdeşlik edildi. Ýagny, onuň 50 ýaş ýaly gysga ömrüniň dowamynda uly işler goýup gidendigini, Türkmenistanyň halk we sungatda at gazanan artistleridir, medeniýet işgärlerini ýetişdirendigini, şonuň bilen bir hatarda türkmen halk sazlaryny ilkinji bolup nota geçirendigini belläp geçdi.

Konsertiň soňunda bolsa, Bagşy hünäriniň II ýyl talyby Amanmyrat Sähetmyradowyň ýerine ýetirmeginde ahal we damana ýoluna mahsus Janlarym atly aýdymyny ýerine ýetirdi. Aýdym bilen bilelikde dabaraly duşuşyk konserti hem jemlendi.

Konserti Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ylmy laboratoriýasynyň uly ylmy işgäri Sapar Saparow alyp bardy. Konsertiň soňunda tegelek stolda oturan halypa mugallymlar bilen Halk sazy kafedrasynyň mugallymlarydyr talyplary ýadygärlik surata düşdüler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory Çaryýar Jumaýew bilen döredijilik duşuşygy geçirildi
“Ahal” AFK Kubogynda “Neftçi” bilen duşuşar
Täze film halk köpçüligine görkezildi
Türkmenistanyň Prezidenti prokuratura edaralarynda wezipe çalşygyny geçirdi