Ussat rys biçimçisi Walentin Ýudaşkin ýene Türkmenistana geldi

TDH-nyň fotosy

3-nji iýunda belli rus biçimçisi Walentin Ýudaşkin Türkmenistana baryp, “Türkmen dokmasy -2017” atly halkara sergä gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Şeýle-de sergä belrusly dizaýnerler Ýuliýa Latuşkina we Lýudmila Labkowa dagy gatnaşdy, olar Aşgabatda özleriniň täze eşik kolleksiýalaryny görkezdiler.

Aşgabatdaky halkara dokma önümleriniň sergisi her ýylda Türkmenistanyň Dokma senagatynyň işgärleriniň gününiň öňünden guralýar. Dokmaçylar güni her ýyl iýun aýynyň birinji ýekşenbesinde bellenýär.

Ýatladýarys, Ýudaşkin bir ýyl ozalam türkmen dokma sergisiniň myhmany boldy we hatda şonda türkmen kärhanalary bilen bilelikdäki kolleksiýasyny işläp düzmegi hem wada berdi.

Ýene degişli makalalar

Aleksandra Pahmutowa 95 ýaşady
Halypalara sarpa
Taryhda şu gün
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
A.S. Puşkin adyndaky teatr hakda monologlar: Olga Wolkowanyň durmuş ýolundan parçalar
Ussatlar ýarmarkasy: döretmek sungaty
Çeşme: Soňky 10 ýylda 1,9 milliona golaý adam Türkmenistany terk etdi