Ussat neçjar

(Erteki)

Ir döwürlerde bir obada ussat neçjar ýaşap, ol agaçdan nepis hojalyk esbaplaryny hem-de gurallaryny ýasapdyr.Ol agaçdan näçe köp zat ýasasa-da tokaýdaky agaçlar birjikde kemelmändir.

Sebäbi ussat neçjar haýsydyr bir agajy kesse, ýerine iki nahal oturdar eken. Ýöne neçjar ogullaryna munuň başga bir syrynyň bardygyny hem ýaňzydypdyr.Neçjaryň üç ogly bolupdyr.Ussa garrap tapdan düşenden soň ogullaryny ýanyna çagyryp:

Siziň her biriňiz tokaýa gidip, hiç zat ýasap bolmaýan agajy kesip getiriň diýýär.

Ilki bilen uly ogly tokaýa gidýär. Ol derrew bir egri agajy tapyp:

Şunuň-a sütüni sugunyň tumşugyndan enaýy däl, şahalaram şahyndan. Mundan ne gapy, ne-de bir gural ýasap boljak diýip, egri agajy kesip kakasynyň ýanyna getirýär.

Goja ussa agajy içgin synlap, mys-mys gülýär.

Sen-ä han ogul gaty üýtgeşik agaç getiripsiň. Ýöne bu seniň çak edişiň ýaly däl. Mundan azal ýasasaň boljak ahyryn diýýär-de, ondan azal ýasamaga girişýär. Soňra taýýar bolan azala göz gezdiren goja:

Şunuň ýaly agaçdan ýasalan azal mäkäm bolup, uzak wagtlap ulandyrar diýýär.

Tokaýa gitmek gezegi ortanjy ogluna gelýär. Gojanyň bu ogly derde ýaramajak agaç gözläp ýörşüne bilek mysaly bir agajyň üstünden barýar. Oglan agajyň baldagyndan tutup aşak çekýär welin, agaç eplenip duruberýär. Şundan-a hiç zat ýasap bolar öýdemok diýip, öz ýanyndan pikir öwren oglan ikirjiňlenmän agajy kesýär-de kakasynyň ýanyna alyp gelýär. Agajy görüp, ýüzi ýagtylan goja:

Bä, oglum, sen-ä meniň köp wagtdan bäri gözläp ýören agajymy getirdiň. Mundan ýer sürýän öküzimize boýuntyryk ýasasak tüýs ýerine düşer diýýär-de, ortanjy oglunyň derde ýaramaz diýip getiren agajyndan öküz üçin boýuntyryk ýasaýar.

Ahyry gezek körpe ogluna gelýär. Onuň tokaýa gidenine ep-esli gün bolýar, ýöne näme üçindir ol wagty bilen yzyna dolanmaýar. Ol tokaýda näçe aýlansa-da, derde ýaramaýan agaja duş gelmeýär. Ol tokaýdaky agaçlaryň ählisiniň peýdasynyň bardygyna göz ýetirýär. Üç günden soň öýüne dolanan körpe ogly kakasyna ýüzlenip:

Men tokaýyň ähli ýerini aýlanyp çykdym, ýöne islendik agajy haýsydyr bir maksat üçin ulansaň boljak. Men-ä derde ýaramaýan agaja duşan däldirin, kaka diýip, egnini gysýar.

Oglunyň bu sözlerinden hoşal bolan goja, körpe ogluna neçjarçylyk etmäge ak pata berýär:

Ine, munyň bolýar.Dogrudanam, dereksiz agaç ýok.Agajyň ählisinden özüne laýyk bir zat ýasap bolýar.Bu ussanyň ukyp-başarnygyna bagly.Men tokaýa gidenimde öz ýasajak zadyma görä agaç kesdim, olaryň iň oňaýlysyny saýladym.

Bahar paslynda bolsa, kesen agaçlarymyň her biriniň ýerine iki düýp nahal oturtdym. Öz öndürjek zadyňa sazlap, agaç kesseň isripçilik bolmaz, tokaýdaky agaçlar hem azalmaz, ýasaýan zadyňam hiç kimiňkiden pes bolmaz…

Işine jür ussanyň beren maslahaty ogullary üçin hemişelik sapak bolýar. Şondan soň gojanyň körpe ogly kakasynyň göreldesine eýerip, agaç ussaçylygyna başlaýar.

Her kim jeňňele gider, özüne meňzeş agaç keser.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda çagalaryň dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyryna badalga berildi
Çagalar dynç alyş möwsümine badalga berildi
14-15-nji dekabrda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Garrylar öýüniň ýaşaýjylary toý tutdular
Hazar dostluk hem-de hyzmatdaşlyk deňzi
Döwletliler köşgünde we Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebiň binasynda düýpli abatlaýyş işler geçiriler