Ussat mugallym, halypa sazanda

Häzirki bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň sungatymyzyň ähli ugurlarynda türkmeniň halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmegiň zerurdygy baradaky tabşyryklarynyň metbugat, radio, telewideniýe arkaly günübirin dowam etdirilýändigi her bir sungat işgärinde çuňňur kanagatlanma döredýär.

Bu meselede öz adyny türkmeniň döredijilik älemine öçmez harplar bilen ýazyp giden şahsyýetleriň ussatlyklary hakynda ýazyp, olary halkyň dykgatyna hödürlemek hem möhüm wezipeleriň biridir.Haçan-da, “Zaman-Türkmenistan” gazetiniň işgärleri maňa ussat sazanda hem-de dirižýor, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, ussat gyjakçy Annageldi Jülgäýew bilen baglanyşykly öz gazetleri üçin makala ýazmagymy haýyş edip, ýüz tutanlarynda gizläp durmaýyn, biraz aljyrajagam boldum. Çünki, islendik ussadyň döredijilik dünýäsine içgin aralaşmak üçin ilki onuň geçen durmuş ýoluny içginden-içgin öwrenmegiň, döredijiligine süňňüň bilen siňip, ony köptaraplaýyn özleşdirmegiň zerurdygy-da maňa öňden aýandy.Ýöne bu meselede öň meniň tutuş ömrüme sapak edinmeli bir waka-da bolup geçipdi. Şony ýatladym. 1980-nji ýyllaryň aýaklarynda men türkmeniň ussat sazandasy Pürli Saryýew bilen baglanyşykly gepleşik taýýarlap, Türkmen radiosynyň redaksiýasyna eltipdim.

Radionyň saz redaktoryny gowy tanaýardym, ol meni uly hormat bilen garşylanyndan soňra garaşylmadyk ýagdaýda maňa şeýle sowal bilen ýüzlendi: “Sen, bu ýazgylaryňda Pürli aganyň saz çalmakda ýeten beýik derejesini beýan edip bilendirin öýdýärmiň?!” Men beýle jogapkärli işiň entek-entäkler maňa başartmajagyny boýun alanymda, ol: “Eger-de, ussady ýeten derejesinde beýan edip bilmejek bolsaň, oňa ýüzlenmegiň zerurlygy barmydyr?!

Onsoňam, ady halkyň aňyna ömürlik siňen ussat hakynda ýazjak bolsaň, özüň saz ugrundan şol ussadyň ýeten derejesiniň ýarymyna, iň bolmanda, üçden birine ýetmeli ahyryn. Şeýle dälmi?!”- diýip, ýüzüme köp manyly seredipdi.

Men onuň aýdanlary bilen ylalaşyp, ýazgylarymy yzyna almakçy boldum. Ýöne ol näme üçindir ýazgylarymy yzyna bermedi.Birnäçe günden soňra şol saz redaktorynyň ençeme düzediş girizmeginde şol taýýarlan gepleşigim ýaýlymda ýaňlanypdy.Şol mahallar ökde sazanda bolmasam-da, başardygymdan halypam Baky Maşagyň sungatyny dowam etdirip, gargy tüýdükde saz çalybam ýördüm.

Hawa, şu wakadan soňra ýene-de ençeme ýyllap gargy tüýdük bilen gidişip, ýaş sazandalara sapak berip, saz sungaty ugrundan ylmy iş ýazyp, dereje alyp, şol halypa saz redaktorynyň saz çalmak, döretmek, eser ýazmak… baradaky aýdanlarynyň aňryýany bilen dogrudygyna göz ýetirdim.Annageldi halypa barada bu makalany ýazmaga girişmegime-de, biri ussat gyjakçyny tanaýan bolsa, meniňem tanaýanlygym, oňa dahylly bolan wakalara köp gezek şaýat bolandygym kömek eden bolsa gerek.Maňa ussat sazanda, halypa mugallym, dirižýor, Türkmenistanyň halk artisti Begmyrat Gutlymyradow bilen Annageldi aganyň öýünde ençeme gezek myhmançylykda bolup, saz çalyşmak, Sary bagşy, Nobat bagşy, Mylly Täçmyrat, Pürli Sary, Oraz Sary, Magtymguly Garly, Sapar Beki, Sahy Jepbar, Girman bagşy, Çary Täçmämmet, Orazgeldi Ylýas, Mäne Gara ýaly ussat bagşy-sazandalarymyzyň geçen ýollary hakda uzak gijeläp söhbet gurap oturmak miýesser edipdi.

Merdana halkymyzyň “It-ata, är-daýa” diýen nakyly aňryýany bilen dogry eken.Ýeri gelende aýtsak, uly halypalar Pürli Sary, Oraz Sary, Ata Gutlymyrat Annageldi aganyň daýylarydyr.Ata mugallym ençeme ýyllaryň dowamynda meniň üçin hem halypa, hem-de aga-ini ýaly ýakyn adamdy.

Onuň bilen mydama duz-çörekli gatnaşardym. Şonuň üsti bilen tutuş Sary bagşynyň maşgalasyna degişli adamlaryň hemmesini diýen ýaly ýakyndan tanadym.Men paýtagtymyzyň Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde işlän ýyllarymda esasy işimiň daşyndan Türkmenistanyň halk artisti Annageldi aganyň ýolbaşçylyk eden Pürli Saryýewiň adyny göterýän döwlet orkestrinde işläpdim.

Annageldi aganyň özi-de bu esasy işiniň daşyndan meniň işleýän ýerimde geljekki gyjakçy sazandalara tälim beripdi.Ol özüniň ussat sazandalygyna garamazdan, ýokarda ady agzalan sazçylyk mekdebine gelip: “Daýy jan, hany, şu sazlary diňlesene, niresi bolýar, niresini kakuş-kukuş etmelidigini aýt! ” diýerdi-de, telewideniýede ýa-da radioda çaljak sazlaryny Ata mugallyma çalyp berýärdi.

Edilen bellikleri dogry kabul ederdi-de, şol sazy görkezilişi ýaly çalýardy.Onuň şeýle etmeginiň öz sebäbi bar eken.Edil mende bolşy ýaly, halypaňam durmuşynda özi üçin ömürlik sapak bolan bir waka bolup geçipdir.

Annageldi aga bir gezek radioda gyjak saz guralynda çalynýan “Batyr karowy” göni ýaýlymda çalypdyr.Pürli aganyň öýünde mydama açyk durýan radiosynda her sapar eşitdirilýän sazlary diňländiginden habarly Annageldi “Batyr karowy” çalşy barada pikirini bilmek üçin daýylaryna barypdyr.Pürli aga ýegeniniň öz ýanyna gelenine ünsem bermän, elindäki gazeti okamagyny dowam edip, esli wagtlap oturypdyr.

Soňra Annageldä ýüzlenip: “Ýegen! Ýaňy “Batyr karowy” çalan bolaýdyňmy?!Indi dagy-duwara ony çalanyňy eşitmäýin!” diýen ekeni.Saz sungatyna gezek gelende örän talapkär Pürli aganyň şeýle kesgitli sözlerini aýdandygyny Annageldi aganyň agzyndan köp gezek eşitmek maňa miýesser edipdi.Annageldi aganyň durmuşynda iki sany ýagdaýyň mydamalyk hemrasy bolandygy bir-ä gyjagyny bir günem elinden düşürmändigi, birem hala öýünde bolsun, hala-da saparda bolan günlerinde ir bilen azyndan iki sagatlap sport bilen meşgullanandygy haýran galdyrýar.

Hut şeýle ezberdigi üçinem türkmeniň saz äleminde gyjak üçin ýörite döredilen saz eserleriniň ilkinji ýerine ýetirijisi-de, esasan, Annageldi halypa bolupdy.Halk saz gurallary orkestrine niýetläp döreden sýütasy, türkmen gopuzy we halk saz gurallary orkestri üçin döreden pýessasy, gyjak hem-de fortepiano we halk saz gurallary orkestri bilen çalynýan baryp-ha, 1957-nji ýylda döredilip, uly baýraga mynasyp bolan meşhur “Ýaşlara salam!” eseri, “Türkmen ýaşlarynyň milli marşy”, “Garaşýan”, “Jan, Aşgabat” aýdymlary Annageldi halypanyň uly ussatlyk derejesine ýetendigine anyk şaýatlyk edýärdi.Ol ençeme sazandarlaryň hatyraly halypasydy.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde gyjak ýerine ýetirijilik sungatyny ussatlyk bilen dowam edýän, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymy Muhammetdurdy Muhammetnyýazow, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň halypa mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Gurbandurdy Rahymow, aramyzdan ir giden gyjakçy Nurmyrat Babaýew dagy uly ussatdan tälim alypdylar.1929-njy ýylda Bäherden etrabynyň Ymarat obasynda dünýä inen Annageldi halypanyň saz sungatyny hünär edip, saýlamagy tötänlik däldir.

Ol meşhur Sary bagşynyň agtygy we atlary türkmen halk saz sungatynda uly hormat bilen tutulýan Pürli, Oraz we Ata Gutlymyrat ýaly ussat gyjakçy sazandalaryň ýegenidir. Çagalygyndan aýdym-saz sungatyna bolan höwesi ony 1942-nji ýylda Pürli Saryýewiň adyny göteren halk saz gurallary orkestrine getiripdir. 1951-1954-nji ýyllarda ol häzirki Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň horuň dirižýoryny taýýarlaýan bölüminde tälim alypdyr.

Türkmen saz sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin halypa 1957-nji ýylda “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly at berilýär.Halk saz gurallary orkestrinde dünýä derejeli eserleri ussatlyk bilen ýerine ýetirmäge bolan uly höwesi ony 1966-njy ýylda Moskwanyň ussat sazanda N.Osipowyň adyny göterýän Halk saz gurallary orkestrine getirýär.

Bu ýerde ol ilki aspirant-stažor, soňra bu saz toparynda dirižýoryň assistenti wezipelerini alyp barypdyr.Ussat sazanda Annageldi Jülgäýewiň türkmen gyjagynda ýerine ýetiren dürli görnüşdäki sazlary ABŞ, Russiýa Federasiýasy, Italiýa, Hindistan, Fransiýa, Indoneziýa, Eýran, Wengriýa, Türkiýe, Mongoliýa, Owganystan, Şwesiýa ýaly ençeme döwletleriň uly tomaşa zallarynda ýaňlandy.

Bu ýurtlaryň talapkär diňleýjileri ýönekeýje türkmen gyjagynda dünýä belli kompozitorlaryň meşhur sazlaryny ýaňlandyryp bolýandygyna haýran galypdylar.Onuň repertuaryny bolsa, türkmen sazlary bilen bir hatarda, P.Çaýkowskiý, Wiwaldi, Riding, Spendiarow, Haçaturýan kimin dünýä belli awtorlaryň eserleri bezeýärdi.

Ençeme daşary ýurtly sazşynaslar öz wagtynda Annageldi halypanyň ussatlygyna uly baha beripdiler.Annageldi halypa 1981-nji ýylda “Türkmenistanyň halk artisti” diýen belent at dakylypdy.Ol türkmen saz sungatyndaky bitiren hyzmatlary üçin 1999-njy ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna mynasyp bolupdy.

Soňky ýyllarda ol “Altyn asyr” ordeni, “Watana bolan söýgüsi üçin”, “Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy”, “Magtymguly Pyragy” medallary bilen sylaglanypdy.Şu günki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýan bagtyýar raýatlarymyza, aýratynam saz sungatynyň muşdaklaryna ussatlyk bilen ýerine ýetirilen sazlaryň ýüzlerçesi golaýda 90 ýaşynda aramyzdan giden Annageldi halypadan müdimilik miras galdy.Tanymal ussadyň merdana halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlarynyň gymmaty-da, belentligi-de şundadyr.

Çaryýar Jumaýew,Türkmenistanyň at gazanan artisti, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Saz eýlese dutar-gyjak
Saýra, dutar, parahatlyk mukamy!
"Türkmenistanda aýdym-saz senedi syýasatlaşdyrylýar"
Türkmenistanyň halk bagşysy Patyşaguly Girmanow (1933-2012)
Türkmenistanyň halk bagşysy Gurbandurdy Jeňow (1923-1995) 100 ýyllygy
Kompozitor Aşyr Kulyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyna