Ussat halypalardan söz açýan gepleşikler üçin ses berilşik yglan edildi

Ussat halypalardan söz açýan gepleşikler üçin ses berilşik yglan edildi

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Owaz radioýaýlymy Sungata sarpa atly gepleşik arkaly ussat halypalardan söz açýan gepleşikleri taýýarlap ýaýlyma berýär. Indi gepleşikde halypa aýdymçylaryň haýsy biriniň ömür-döredijilik ýoly hakynda gürrüň berilmelidigini diňleýjiler kesgitleýär.

Sungat ýolunda mahmal owazy bilen yz galdyran halypa aýdymçylara 0502 gysga belgisine SMS arkaly ses bermek üçin degişli kod belgisini ugratmaly.

Gepleşigiň şertlerine görä ussat aýdymçylaryň haýsysynyň adyna has köp SMS gelse, şol aýdymçynyň döredijiligi barada Sungata sarpa atly gepleşigiň 4-nji awgustda, sagat 12:04-de başlanjak sanynda Owaz radioýaýlymynda diňleýjilere ýetiriler.

Ses bermegiň netijelerini şu salgydan yzarlap bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Iň gowy radiogepleşigi saýlamak boýunça ses berlişik başlandy
Diňleýjiler Owazdan sowal bäsleşigi arkaly okuwa girmäge hukuk gazanyp bilerler
“Owaz” radioýaýlymyndan çäksiz sowgat
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýew aradan çykdy
Medeniýet hepdeliginiň 3-nji güni: köpöwüşginli çäreler
Iýul aýynda Türkmenistan awikompaniýasy Moskwa bilen dowamly howa gatnawyny dikelder, Medeniýet hepdeliginiň dowamynda Türkmenfilm täze filmini görkezer, Türkmenistanyň pasporty dünýä sanawynda saýlama 100-lige girdi, we beýleki habarlar