Ussa_tm mobil goşundysyny we saýtyny täzeledi, indi ussalar özi barada bildiriş goýup bilýär

Ussa_tm mobil goşundysyny we saýtyny täzeledi, indi ussalar özi barada bildiriş goýup bilýär

Gurluşykda hem hojalykda gerek bolan harytlaryň giň toplumyny bir ýerde jemleýän Ussa_Tm onlaýn dükany mobil goşundysyna we saýtyna täze bölümleri goşdy — Brend we Ussalar.

Diňe bir gurluşyk işlerine başlanyňda däl, eýsem, gündelik durmuşda hem dürli ugurlara ýöriteleşen ussanyň hyzmaty gerek bolýar. Bu ýagdaýda ussany nireden gözlemeli? USSA_TM onlaýn dükany mobil goşundysynda we saýtynda ussalar üçin ýörite bölüm açdy. Bu bölümde şu ugurlar boýunça ussalaryň hyzmaty hödürlenilýär:

Ussa_tm onlaýn dükany işine ökde ussalary özleri barada maglumatlary mobil goşundysynda we saýtynda ýerleşdirip bermegi hödürleýär.Munuň üçin ussalara aşakda görkezilen telefon belgileri arkaly habarlaşmak ýeterlik. Öň, TmCars.info gurluşyk harytlaryny bu onlaýn dükanynyň mobil goşundysyndan hem-de ussa.com.tm/ saýtyndan sargyt edip bolýandygy barada habar beripdi.

Iki dilde hereket edýän mobil goşundydan we saýtdan zerur bolan harydyňy tapmak aňsat.Onlaýn dükan gurluşyk harytlarynyň 10 müňden gowrak görnüşini özünde jemleýär, bu san gün-günden artýar.

Munuň üçin harydyň adyny gözleg meýdançasyny ýazmak ýa-da Kategoriýa bölüminden saýlamak bolýar.Indi bolsa harydy Brend bölüminden hem gözleg etmek bolýar.Bu bölümde dünýä belli 50-ä golaý brend bar.

Müşderi Brend bölümine girip, görkezilen brendleriň içine girip, hödürlenilýän harytlary satyn alyp bolýar.USSA_TM gurluşyk harytlary dükany müşderilerine sargan harytlaryny gysga wagtda eltip bermek, islege görä, gurnap bermek boýunça ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär.

Tölegler häzirki wagtda nagt görnüşinde kabul edilýär, emma ýakynda nagt däl hasaplaşyklaryň hem ýola goýuljakdygy habar berilýär.Eltip bermek hyzmaty şu günki günde Aşgabat we Änew şäherleriniň çägine amala aşyrylýar.

Geljekde Türkmenistanyň ähli çäginde söwda nokatlaryny açmak meýli bar.USSA_TM gurluşyk harytlary dükanynyň mobil goşundysyny Play Market-den we App Store-den şu salgylardan ýükläp alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 65 72 55 42; +99364 08-92-60

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň dokma kärhanalary Özbegistandaky halkara sergä gatnaşarlar
35 ýaşly amerikalynyň keşbi sosial ulgamdan peýdalanyjylary haýran galdyrdy
Gartaşan jübütler ilkinji gezek duşuşan dükanynda toý tutdy
Geljegiň 60 ýyldyz futbolçysy
Afrikanyň iň täsirli üç ýurdunyň biri
Aşgabatdaky EMTOP dükanlary gurluşyk gurallarynyň dürli görnüşlerini hödürleýär