USAID we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Türkmenistanyň Inçekesele garşy göreşmek we öňüni almak boýunça milli maksatnamasyna baha berýär

18-nji noýabrda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýüz tutmasy esasynda, USAID we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Türkmenistanyň Inçekesele garşy göreşmek we öňüni almak boýunça milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine giňişleýin baha berdi.

Oktýabr aýynda tamamlanan syn, inçekesele garşy göreşmekde möhüm orna eýe bolan ugurlara, ýagny, gözegçilik, öňüni alyş, bejeriş we ideg, şeýle hem köp pudaklaýyn hyzmatdaşlyk we raýat jemgyýetiniň gatnaşmagy bilen baglanyşykly möhüm ugurlara gönükdirildi.

BSGG-niň we USAID-iň “Türkmenistanda inçekesele garşy göreşmek ugrunda tagallalary tizleşdirmek” baradaky bilelikdäki taslamasynyň bir bölegi bolan bu syn, Türkmenistanyň inçekesele garşy göreşmek boýunça indiki Milli strategiki meýilnamasyny (20262030) işläp düzmekde esas bolup hyzmat eder.

Esasy çäreler, Aşgabat şäherinde, Ahal we Mary welaýatlarynda inçekeseli bejeriş edaralaryna baryp görmek we inçekesel boýunça maglumatlary yzarlamagyň hilini gowulandyrmak üçin “Inçekeseli hasaba alyş we hasabat ulgamyna” (TB-RRIS) baha bermekden ybarat boldy.

BSGG-niň hünärmenleri derman serişdelerine durnukly we köp sanly derman serişdelerine durnukly inçekesel bilen baglanyşykly wakalary öwrenip, tapgyrlaýyn syn geçirdiler we inçekesele gözegçilik etmekde ilkinji lukmançylyk sanitar kömeginiň ornuna baha berdiler.

BSGG-niň inçekesel boýunça sebitleýin geňeşçisi doktor Askar Ýedilbaýew Türkmenistanyň alyp barýan tagallalaryna ýokary baha berdi we netijeleriň inçekeseliň strategiki taýdan öňüni almaga we BSGG-niň Ýewropa sebitinde öňdebaryjy tejribäni paýlaşmaga ýardam etjekdigini aýtdy.

BSGG-niň we USAID-iň hasabatynda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrligine we hyzmatdaşlara Türkmenistanyň inçekesele garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmaga we bütin sebitde saglygy gowulandyrmakda goldaw berjek amaly teklipler hödürlendi.

Şeýle-de bu missiýa, ilkinji lukmançylyk sanitar kömeginiň inçekesele garşy göreşde tutýan ornuny gözden geçirmegi, Aşgabat şäherindäki hassahanalara we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky köp ugurly hassahanalaryna baryp görmegi öz içine aldy.

Missiýanyň netijesi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine we degişli gyzyklanýan taraplara inçekesele garşy göreşmek we öňüni almak boýunça alnyp barylýan tagallalary goldamak üçin beriljek umumy hasabatda ýerleşdiriler.

***

USAID-iň, Türkmenistanyň Hökümeti we BSGG bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirýän “Türkmenistanda inçekesele we derman serişdelerine durnukly inçekesele garşy göreşmek boýunça tagallalary tizleşdirmek” atly taslamasy, esasanam derman serişdelerine durnukly inçekeseliň öňüni almak, ýüze çykarmak we bejermek arkaly inçekesele garşy göreşmek ugrundaky tagallalary milli derejede güýçlendirýär.

Bu başlangyç, Inçekesele garşy göreşmek ugrundaky milli maksatnamany goldaýan we USAID-iň Global inçekesel strategiýasy 20232030 bilen birleşip, jemgyýetde tiz anyklaýyş we BSGG-niň inçekesele garşy göreşmek ugrundaky hyzmatlarynyň giňelmegine ýardam edýär.

Ýene degişli makalalar

Inçekeseli bejermek boýunça okuw
USAID türkmen hünärmenlerine innowasiýalary öwrenmekde goldaw berýär
BSGG bilen USAID Türkmenistanda inçekesele garşy göreşiň netijeliligine baha berdi
Türkmen wekiliýeti Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň aramgähine zyýarat etdi
Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan ýük daşamalary ösdürmek boýunça kärhana dörederler
Ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi