USAID Türkmenistanyň Mejlisiniň işini sanlylaşdyrmaga ýardam berýär

24-27-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentliginiň (USAID) Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlykda gurnan, parlamentiň işini sanlylaşdyrmak boýunça okuw-maslahatyna gatnaşdylar.Estoniýanyň, Gruziýanyň we Litwanyň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilen okuw-maslahaty deputatlary parlamentiň işini kämilleşdirmek boýunça innowasion sanly tehnologiýalar bilen tanyşdyrdy.

Okuw-maslahatynyň esasy maksady Türkmenistanda sanly parlament ulgamynyň ösmegine goşant goşjak Türkmenistanyň Mejlisiniň işini sanlylaşdyrmak boýunça Meýilnamanyň taslamasyny taýýarlamak bolup durýar.

USAID Türkmenistanyň Mejlisi bilen parlamentiň işini we kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk edýär. Şu ýylyň oktýabr aýynda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanasy Mejlisiň alty wekili üçin elektron hökümet we elektron parlament ulgamlaryny öwrenmek maksady bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna okuw saparyny gurnady.

Mundan başga-da, USAID Mejlis bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň hukuk esaslary we kanunçykaryjylyk usullary boýunça gollanmalary işläp düzdi. Şeýle-de, Mejlisiň agzalarynyň işiniň netijeleligini ýokarlandyrmak maksady bilen parlament diplomatiýasy we parlamentiň işiniň hukuk esaslary boýunça okuw-maslahatlary gurnaldy.

Hyzmatdaşlykda geçirilýän çäreler USAID-iň Türkmenistanda döwlet dolandyrylyşyny we parlament işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin berýän goldawyny görkezýär.

USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän we Q2Impact (Q2) hökmünde işi alyp barýan The QED Group, LLC kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” (GSP) taslamasy Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda öz işini alyp barýar. Bu taslama ýurdumyzdaky döwlet edaralarynyň netijeliligini, hasabatlylygyny we aýanlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

USAID dünýäde öňdebaryjy halkara ösüş guramasy hem-de durnukly ösüşiniň ýardam berijisi bolup durýar. Has giňişleýin maglumat almak üçin USAID-iň Merkezi Aziýa https://www.usaid.gov/central-asia-regional web-sahypasyna giriň.

Ýene degişli makalalar

USAID Türkmenistanyň Mejlisinde halkara parlament tejribesi boýunça okuw-maslahatyny geçirdi
USAID Aşgabatda hakaton ýaryşyny geçirýär
BSGG bilen USAID Türkmenistanda inçekesele garşy göreşiň netijeliligine baha berdi
Transmilli guramaçylykly jenaýatçylygyň öňüni almakda ýaşlaryň möhüm orny
Türkmenistanda el iş önümlerini eksport emek boýunça maksatnama işe girizilýär
Türkmenistan BSG-ä goşulmaga taýýarlyk görýär