USAID Türkmenistanyň Mejlisinde halkara parlament tejribesi boýunça okuw-maslahatyny geçirdi

Şu gün USAID Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyryşynyň 27 deputaty üçin halkara parlament tejribesi boýunça iki günlük okuw-maslahatyny tamamlady.USAID-iň “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” (GSP) taslamasy tarapyndan guralan bu okuw-maslahatynda gatnaşyjylar kanunçykaryjylygyň öňdebaryjy tejribeleri, daşary ýurt parlamentleriň işiniň netijeli prosesleri hem-de kanunçykaryjy we wekilçilikli edaralaryň işiniň netijeliligini bahalandyrmak ýaly mowzuklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, okuw-maslahatyň dowamynda deputatlaryň gündelik işinde ulanyp boljak kanunçykaryjylyk prossesinde sanly tehnologiýalary ulanylmagyň usullaryna hem seredildi.

USAID kanunçykaryjylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen Türkmen parlamentarileriň başarnyklaryny kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlyk edýär. 2022-nji ýylda USAID Türkmenistan Mejlisiniň wekilleri üçin diplomatik usullary arkaly parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça “Parlament diplomatiýasy” atly üç hepdelik okuw-maslahatyny geçirdi.

Täze saýlanan türkmen deputatlary üçin bu giriş okuw-maslahatyndan daşary, USAID netijeli dolandyryş usullaryny kämilleşdirmek we sebitde durnuklylygy gazanmak boýunça Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlygyny dowam eder. USAID meýilleşdirilýän çäreleriň çäginde Türkmen parlamentarileriň we ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri bilen tejribe alyşmak boýunça okuw saparlary guramakda hem ýardam berer.

USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän we “Q2 Impact” (ozalky QED Group LLC) kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” (GSP) taslamasy Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda öz işini alyp barýar. Bu taslama ýurdumyzdaky döwlet edaralarynyň netijeliligini, hasabatlylygyny we aýanlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

USAID dünýäde öňdebaryjy halkara ösüş guramasy hem-de durnukly ösüşiniň ýardam berijisi bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

USAID Türkmenistanyň Mejlisiniň işini sanlylaşdyrmaga ýardam berýär
USAID Aşgabatda hakaton ýaryşyny geçirýär
USAID-iň YDA taslamasy frilans boýunça trening maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň  kabul edýär
“Owadan Ülke” kompaniýasy Özbegistandaky sergide öz önümleri bilen tanyşdyrdy
BSGG bilen USAID Türkmenistanda inçekesele garşy göreşiň netijeliligine baha berdi
Transmilli guramaçylykly jenaýatçylygyň öňüni almakda ýaşlaryň möhüm orny