USAID Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazaryny berkitmäge ýardam berýär

USAID Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazaryny berkitmäge ýardam berýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş guramasy (USAID) “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” taslamasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) bilen hyzmatdaşlykda Aşgabadyň Gazna biržasynyň ösüşine ýardam bermek we ýurdumyzyň ykdysadyýetine maýa goýumlary çekmek maksady bilen wideoaragatnaşyk arkaly seminar geçirdi.

“Erkin işleýän gazna biržasy ýurduň gülläp ösmeginiň kepili bolup biler diýip ynanýaryn. Şeýlelikde, men şu günki seminaryň açylyş dabarasyna ýardam edenime örän şat.Biziň bu ugurdaky hyzmatdaşlygymyz Türkmenistanyň ykdysady taýdan gülläp ösmegine we daşary ýurt hem-de içerki maýa goýumlaryny çekmäge mümkinçilikleri döretjekdigine umyt edýärin” diýip, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Klimow çäräniň açylyş dabarasynda belledi.

Bu barada USAID-iň penşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berilýär.

Bu çäre sagdyn maliýe bazarlarynyň mümkinçiliklerini, aýratynlyklaryny we deňeşdirme hukuk seljermesiniň netijelerini maslahatlaşmak hem-de onuň netijesinde milli ykdysadyýete daşary ýurt maýa goýumlarynyň mukdaryny ýokarlandyrmak üçin ýurduň hukuk binýadyny kämilleşdirmek maksatly gelejekde göz öňüne tutulýan seminarlaryň ilkinji tapgyry boldy.

2016-njy ýylda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan döredilen Aşgabat Gazna biržasy ýurdumyzyň mümkinçiliklerini giňeltmegi, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi we onuň eksportyny ösdürmegi özüne maksat edinýär.

USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän we QED Group LLC tarapyndan ýerine ýetirilýän “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” taslamasy Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda öz işini alyp barýar.

Ýene degişli makalalar

USAID Türkmenistanyň Mejlisiniň işini sanlylaşdyrmaga ýardam berýär
USAID Türkmenistanyň Mejlisinde halkara parlament tejribesi boýunça okuw-maslahatyny geçirdi
Türkmenistan we USAID Garagum derýasynda suwy ölçeýji enjamy işe girizdi
Günorta Koreýa iki rus işewürine garşy sanksiýa girizdi
Aşgabatda halkara ýük gatnawlarynyň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy
Türkmenistan Eýran üçin gümrük amallaryny ýeňilleşdirer, ýaş hünärmenler işe kabul edilende ýeňillikli girdeji salgydy belleniler, türkmen wekiliýeti Peterburg Halkara ykdysady forumyna gatnaşýar we beýleki habarlar