USAID maksatnamasynyň Telekeçiligi we işewürlik gurşawyny ösdürmek boýunça taslamasy (USAID/FGI) Türkmenistanyň azyk önümlerini öndürijilerini 2025-nji ýylyň 8 — 10-njy apreli aralygynda Daşkentde geçiriljek Azyk önümleri, goşundylar we önümçilik tehnologiýalary — UzFood 2025 24-nji hakara sergisine gatnaşmaga çagyrýar.
UzFood sergisi Merkezi Aziýanyň azyk senagatynda möhüm waka bolup, her ýyl 25-den gowrak ýurtdan öňdebaryjy önüm öndürijileri, üpjün edijileri we distribýutorlary bir ýere jemleýär.
2024-nji ýylda Özbegistanyň 13 sebitinden hem-de daşary ýurtlaryň 35-isinden 9 müň 442 hünärmen sergä baryp gördi. Şolaryň 6 müň 994-si professional myhmanlardy.
USAID/FGI taslamasy gatnaşyjylary hasaba almak we sergi pawilýonyny kärendesine almak üçin çykdajylary öz üstüne alýar. Emma wiza almak, ýaşamak we ýol bilen bagly çykdajylary gatnaşyjylaryň özleri tölemeli.
UzFood 2025 türkmen kompaniýalaryna önümlerini halkara alyjylara görkezmek, alyjylar we hyzmatdaşlar bilen aragatnaşyk gurmak hem-de halkara bazaryň meýillerini öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilik döreder.
Taslamanyň maksady türkmen önüm öndürijileriniň halkara bazarlara çykmagyna goldaw bermekden hem-de türkmen brendleriniň daşary ýurtlardaky tanymallygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Taslama gatnaşmak üçin 2024-nji ýylyň 22-nji dekabryna çenli anketa tabşyrmaly. Ýerleriň sanynyň çäklidigi sebäpli gatnaşyjylar bäsdeşlik esasynda saýlanylar.