USAID-iň YDA taslamasy we Telekeçiler mekdebi Türkmenistanda telekeçilik başarnyklaryny okatmak usulyýetini kämilleşdirýärler

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasynyň (YDA) we Türkmenistanyň

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Telekeçiler mekdebiniň hyzmatdaşlygy

Türkmenistanda ýaş telekeçiligi ösdürmekde başlangyçlaryň biri bolup durýar. Bu başlangyç häzirki zaman işewürlik dünýäsinde üstünlikli işi alyp barmak üçin zerur bolan amaly başarnyklaryny ýaş telekeçilere öwretmek usullaryny we tejribesini kämilleşdirmäge

gönükdirilen.

Bu hyzmatdaşlygyň çäginde USAID-iň YDA taslamasy we Telekeçiler mekdebi telekeçilik

boýunça okuwyny has-da döwrebaplaşdyrdylar. Ony interaktiw we berilýän bilimleri hakyky şertlerde ulanmaga gönükdirilen edip kämilleşdirdiler. Okuw meýilnamasyna okuwyň has gyzykly we amaly bolmagy üçin täze öwrediş usullary girizildi. Bu bolsa telekeçilik işinde üstünlik gazanmak üçin zerur bolan başarnyklaryny, ýagny mesele çözmek we döredijilikli pikirlenmek ýaly ukyplary ösdürmäge mümkinçilik berýär.

30-njy sentýabrdan 4-nji oktýabry aralygynda USAID-iň YDA taslamasy Telekeçiler mekdebi bilen bilelikde telekeçilik okuwynyň kämilleşdirilen maksatnamasynyň usulyýeti boýunça trening geçirdi.Bu treninge Telekeçiler mekdebinden, şol sanda mekdebiň welaýatlardaky şahamçalaryndan mugallymlar gatnaşdy.

Trening telekeçilik ukyplaryny okatmagyň amaly usullaryna, şol sanda keýslere, toparda işlemäge we okatmagyň beýleki interaktiw görnüşlerine we usullaryna gönükdirildi.Bu mugallymlar telekeçiligi okatmagyň öz tejribelerine täze usullary ornaşdyrarlar.

Maksatnamanyň indiki tapgyrynda Telekeçiler mekdebiniň Aşgabatdaky we welaýatlardaky şahamçalarynda özüniň telekeçilik ideýasy bolan ýaşlary okatmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa ýaşlaryň öz telekeçilik taslamalaryny ösdürmegine we kämilleşdirmegine mümkinçilik döreder.

Maksatnama USAID-iň YDA taslamasynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler

birleşmesiniň Telekeçiler mekdebi bilen bilelikde gurnajak telekeçilik taslamalarynyň bäsleşigi bilen jemlener. Bäsleşikde gatnaşyjylar okuw döwründe özleriniň taýýarlan biznes-taslamalary bilen çykyş ederler. Netijede, iň gowy biznes-ideýalar ýüze çykarylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine öz ideýalaryny durmuşa geçirmek üçin halypa kömegini, maýa we beýleki goldawlary almak mümkinçilikleri berler.

Bu başlangyç ýaşlaryň telekeçilik başarnyklaryny ösdürmekde möhüm ädim bolup ýurdumyzyň ykdysadyýetine ähmiýetli goşant goşup biljek ýaş telekeçileri taýýarlamaga itergi berer.

Ýene degişli makalalar

USAID türkmen önüm öndürijilerini UzFood 2025 sergisine gatnaşmaga çagyrýar
“Owadan Ülke” kompaniýasy Özbegistandaky sergide öz önümleri bilen tanyşdyrdy
USAID YDA frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi
USAID frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi
USAID-iň YDA taslamasy frilans boýunça trening maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň  kabul edýär
USAID-iň YDA Taslamasy “Startup Bootcamp” maksatnamasynyň başlanýandygy yglan edýär