USAID-iň Aziýa býurosy boýunça administratoryň orunbasarynyň kömekçisi ýurdumyzda saparda boldy

Änjali Kaur USAID-iň Aziýa býurosy boýunça administratoryň orunbasarynyň kömekçisi (DAA) Merkezi Aziýa boýunça sebit saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen Türkmenistanda saparda boldy.

DAA Kaur we ilçi Rud, Türkmenistanyň Hökümetiniň esasy wekilleri bilen, şol sanda Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň şeýle-de “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Bu sapar USAID Türkmenistanyň durnukly ösüşini we netijeli dolandyryşyny öňe sürmäge taýýardygyny görkezýär.

DAA Kaur öz duşuşyklarynda ykdysady diwersifikasiýa, daşky gurşawy goramak we gatnaşmak arkaly dolandyryş bilen baglanyşykly möhüm başlangyçlary maslahatlaşdy. Bu howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we sebitdäki serhetara söwdany ýeňilleşdirmek ýaly möhüm sebitleýin başlangyçlary öz içine alýar.

COP 28-de (28-nji Taraplaryň Maslahaty) Türkmenistan Global Metan Ähtnamasyna goşulmak bilen, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekdäki borçnamasyny aýdyň görkezdi. USAID metan zyňyndylaryny we uglerody azaltmakda Türkmenistan bilen işleşýär.

Şeýle hem, USAID Türkmen ykdysadyýetini sanlylaşdyrmakda Döwlet Statistika Komiteti bilen bilelikde statistik hasabatlaryň sanly görnüşde tabşyrylmagyny goldaýar. USAID Türkmen gümrük işgärlerine Harytlaryň Halkara Utgaşdyrylan Düşündiriş we Kodirleme ulgamy arkaly harytlary klassifikasiýalaşdyrmak boýunça bilelikdäki okuwy goldady.

Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda Kaur, USAID we Türkmenistanyň hökümeti bilen eksporty köp ugurlylaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek hem-de Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak ugrunda gidip duran hyzmatdaşlyga ünsi çekdi.

“Biz bilelikde ykdysady taýdan güýçli we köpugurly, ekologiýa taýdan durnukly, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlarynyň ýagty geljege bolan umyt-arzuwlaryny goldaýan durnukly geljegi gurýarys” diýip, Änjali Kaur aýtdy. Ol USAID-yň Türkmenistanyň has rowaçly jemgyýete tarap ýolunda goldaw bermäge ygrarlydyrdygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

USAID-iň Aziýa býurosy boýunça administratoryň orunbasarynyň kömekçisi ýurdumyzda saparda boldy
USAID-iň Aziýa býurosy boýunça administratoryň orunbasarynyň kömekçisi ýurdumyzda saparda boldy
USAID-iň Aziýa býurosy boýunça administratoryň orunbasarynyň kömekçisi ýurdumyzda saparda boldy
USAID-iň Aziýa býurosy boýunça administratoryň orunbasarynyň kömekçisi ýurdumyzda saparda boldy
USAID-iň Aziýa býurosy boýunça administratoryň orunbasarynyň kömekçisi ýurdumyzda saparda boldy
USAID we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Türkmenistanyň Inçekesele garşy göreşmek we öňüni almak boýunça milli maksatnamasyna baha berýär