Türkmen badam öndürijisi Hemsaýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş guramasynyň (USAID) ýardamy bilen halkara GLOBALG.A.P. (Oňyn oba hojalyk tejribeleri boýunça halkara standart) sertifikatyna eýe boldy.
“Miwe” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetininiň düzüimine girýän Hemsaýa hojalyk jemgyýeti, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda 180 gektar ýerde ýerleşýän Türkmenistanyň iň uly badam fermasy bolup, ol ýerde 70-den gowrak hünärmen zähmet çekýär.
Ilkinji kepillendiriş barlagy, GLOBALG.A.P. standartynyň utgaşdyrylan ferma kepilligi (IFA) 6.0 Smart wersiýasynyň talaplaryna laýyklykda geçirildi. Bu barlag badamy ekmek tapgyryndan ýygnamak tapgyryna çenli, ýagny ýygylan hasyly arassalamak, saýgarmak, gaplamak, saklamak we daşamak ýaly işleri öz içine alyp, kärhananyň ähli önümçilik tapgyrlaryny gözden geçirdi.
Barlagyň çäginde USAID-iň Merkezi Aziýa söwda (TCA) maksatnamasy GLOBALG.A.P. tarapyndan tassyklanan daýhan geňeşçileri we oba hojalyk auditorlary bolmak isleýän 11 sany ýaş hünärmene tejribe gazanmaklary üçin bu çärä gatnaşmaklaryny gurap berdi. Bu hünärmenler kwalifikasiýalaryny gazanansoňlar, ýerli tejribäniň bahasyna ýetip bolmajak çeşmesi bolar.
Sertifikaty almak Hemsaýa üçin önüm öndürijilere we olaryň önümleriniň howpsuzlygyna we hiline berk talaplary öňe sürýän öňdebaryjy azyk bölek satuw zynjyrlary bilen gönüden-göni söwda etmek üçin täze mümkinçilikler açýar.
Bu ädim ätmek bilen, kärhana korporatiw sosial jogapkärçilik ülňülerine laýyklykda iş alyp barýan hem-de daşky gurşaw barada alada edýän we iň esasysy, işgärler üçin has gowy saglyk we howpsuzlyk şertleri döredýän 132 ýurtdan 200 müňden gowrak GLOBALG.A.P.
kepillendirilen önüm öndürijileriniň hataryna goşulýar.
TCA maksatnamanyň 2024-nji ýylyň maý aýynda beren yzygiderli we hemmetaraplaýyn ýardamy bilen, USAID Hemsaýa Italiýanyň Rimini şäherinde geçirilen “Makfrut 2024” halkara sergisine gatnaşmagyna kömek etdi.Türkmenistanda öndürilen atly milli stendinde sekiz sany öňdebaryjy oba hojalyk öndüriji öz önümlerini sergä çykardy.
Hemsaýa önümlerini bütin dünýäden sergä gatnaşan müşderilere görkezip, resmi taýdan GLOBALG.A.P sertifikatyny almazdan öň, daşary ýurtdaky işewür hyzmatdaşlary bilen täze eksport baglanyşyklaryny ýola goýdy.
2023-nji ýylyň fewral aýynda USAID-iň TCA maksatnamasy Türkmenistanyň “Ýigit” ýyladyşhana toplumyna GLOBALG.A.P. sertifikatyny almakda goldaw berdi. Hemsaýa bilen bilelikde bu iki oba hojalyk kärhanasy, köp sanly türkmen oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin ylham bolup, bu üstünlikli usuly öz işlerinde ulanmaklaryna höweslendirýär.
GLOBALG.A.P. azyk senagatynda işleýän öndürijiler, satyjylar we beýleki gyzyklanýan taraplaryň hyzmatdaşlygy bilen Germaniýanyň Köln şäherinde “FoodPLUS GmbH” tarapyndan işlenip düzülen akylly daýhan kepillendiriş çözgütleriniň markasydyr. Bu çözgütler geljekki nesillere howpsuz iýmit bilen üpjün etmek üçin ekerançylygy howpsuz, sosial we ekologiýa taýdan alyp barmagyň birnäçe standartlaryny öz içine alýar.