USAID bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

11-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew, Aşgabada iş sapary bilen gelen, ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Aziýa býurosynyň Dolandyryjysynyň kömekçisiniň orunbasary Anjali Kaur bilen duşuşdy..

Duşuşygyň dowamynda sebit we milli taslamalary öňe sürmekde Türkmenistanyň USAID bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan W.Hajiýew, 1992-nji ýyldan başlap, Türkmenistanyň bu agentlik bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary bolan

söwda-ykdysady ösüşi, bilim, saglygy goraýyş, döwlet dolandyrylyşy, kanunçylyk we hukuk ugry, sosial ulgamy, agrosenagat toplumy we ş.m. pudaklarda birnäçe bilelikdäki taslamalaryň bardygyny belledi.

Diplomatlar häzirki wagtda ikitaraplaýyn gün tertibindäki meseleleriniň hem üstünde durup geçdiler. Türkmenistan tarapyndan USAID bilen bilelikde metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça döredilen Iş toparynyň öňünde durýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. USAID-iň üsti bilen Türkmenistanyň BSG-ä girmegi bilen baglanyşykly maslahat we tehniki goldaw meselelerinde giňişleýin pikir alşyldy.

Şeýle hem sanlylaşdyrmak we pes uglerodly energetika pudagyny ösdürmek ýaly ugurlaryň hyzmatdaşlygyň gün tertibinde ileri tutulýan ugurlar bolup durýandygy barada umumy pikir beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan BSG-ä goşulmaga taýýarlyk görýär
Inçekeseli bejermek boýunça okuw
BSGG bilen USAID Türkmenistanda inçekesele garşy göreşiň netijeliligine baha berdi
USAID we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Türkmenistanyň Inçekesele garşy göreşmek we öňüni almak boýunça milli maksatnamasyna baha berýär
Türkmenistanda maýa goýum gurşawyny kämilleşdirmek boýunça “tegelek stol” maslahaty geçirildi
Tebigat we ekologiýa
Türkmenistanda maýa goýum şertlerini kämilleşdirmek boýunça duşuşyk geçirildi