USAID Almaty şäherinde 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumyny açdy

USAID Almaty şäherinde 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumyny açdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) Halkara ösüş guramasy (USAID) Gazagystanyň Almaty şäherinde şu ýylyň 14-nji maýynda 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumyny (CATF) açdy. Bu barada ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berdi.

Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň, Angliýanyň we ABŞ-nyň 300-den gowrak işewür ýolbaşçylary we döwlet işgärleri Merkezi Aziýada söwdany ösdürmegiň usullaryny öwrenmek üçin Gazagystanyň Almaty şäherinde duşuşdylar.

"Söwda baglanyşyklary: Global köprüler" ady bilen geçirilen forumyň dowamynda USAID-yň dolandyryjysynyň kömekçisiniň uly orunbasary Zeýna Salahi, şeýle hem Merkezi Aziýanyň Söwda ministrlikleriniň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň, “QazTrade” kompaniýasynyň, Trans-Hazar halkara ulag ýollarynyň birleşmesiniň we Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag koridorynyň (TRACECA) wekilleri çykyş etdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa söwda forumy döredileni bäri jemi 32 million ABŞ dollaryndan gowrak möçberdäki şertnamalaryň baglaşylmagyna ýardam berdi.

Häzirki wagtda CATF bilen bir wagtda Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 40 kompaniýanyň gatnaşmagynda söwda sergisi geçirilýär we olar halkara alyjylara oba hojalygy, dokma, tikin we azyk önümlerini hödürleýärler. Söwda sergisi Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministrligi hem-de Almaty söwda we maýa goýum palatasy bilen hyzmatdaşlykda geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

USAID-iň YDA taslamasy frilans boýunça trening maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň  kabul edýär
Sekiz sany türkmen kompaniýasy Italiýada geçirilýän Macfrut 2024 sergisine gatnaşýar
Türkmenistan 13-nji Merkezi Aziýa Söwda forumyna gatnaşýar
Zenanlar işewürlikde jemgyýeti türkmenistanly zenan telekeçiler üçin okuw geçirýär
USAID-iň YDA Taslamasy “Startup Bootcamp” maksatnamasynyň başlanýandygy yglan edýär
Aşgabatda halkara söwda syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça okuw maslahaty geçirilýär