Uruş Biz Üstün Çykanymyzda Gutarar

Uruş Biz Üstün Çykanymyzda Gutarar

Zelenskiý; “Uruş biz üstün çykanymyzda gutarar. Russiýa bu urşy has irem gutarym biler. Onuň üçin biziň territoriýamyzdan çykmaly” diýdi.

Wladimir Zelenskiý Ýewropanyň syýasy bileleşiginiň sammitine gatnaşmak üçin Moldowa bardy.

Sammitiň geçirilýän Mimi galasynda Moldowanyň Prezidenti Maria Sandu tarapyndan garşylanan Zelenskiý, ol ýerde beren beýannamasynda söweşiň hanaç gutarjakdygy hakynda; “Uruş biz üstün çykanymyzda gutarar. Russiýa bu urşy has irem gutarym biler. Onuň üçin biziň territoriýamyzdan çykmaly” diýdi.

Zelenskiý Ýewropanyň syýasy bileleşiginiň sammitiniň dowamynda käbir liderler bilen duşuşjakdygyny, şol duşuşyklarda ýurduna “Patriot” raketa ulgamlary ýaly harby goldawyň berilmegi hakynda pikir alyşjakdygyny beýan etdi.

Ukrainanyň Lideri ýurdunyň ÝB-e we NATO agzalygy hakynda bolsa; “Geljegimiziň ÝB-dedigine ynanýarys. Ukraina NATO goşulmaga hem taýýar. NATO-nuň Ukrainany kabul etmegine garaşýarys. Russiýanyň Ukraina hüjüm etmegi we Ýewropanyň başga ýerlerine hüjüm gurama ähtimallygy sebäpli howpsuzlyk kepillikleri diňe bir Ukraina üçin däl, eýsem Moldowa üçin hem möhüm” diýdi.

Zelenskiý Ýewropanyň syýasy bileleşiginiň sammitinde-de ýurdunyň Russiýa garşy gyssagly howpsuzlyk kepilliklerine zerurlyk duýýandygyny nygtady.

Zelenskiý; “Şu tomus Wilnýusda geçiriljek NATO-nuň sammitinde Ukraina agzalyk üçin açyk çagyryş edilmeli, aýratynam NATO agzalyk boýunça howpsuzlyk kepillikleri berilmeli” diýdi.

Ýene degişli makalalar

NATO Sammiti Başlady
Baýden Ukrainanyň ABŞ-na degişli raketaler bilen Russiýa hüjüm guramagyna rugsat berermi?
Prezident Erdogan Waşingtonda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Zelenskiý Ukrainanyň goşunynyň Russiýa girmegi barada beýanat berdi
Hindistanyň premýer ministri Russiýada saparda bolýar
Prezident Erdogan şu gün ABŞ-na gider
Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi