Urugwaý, Argentina, Paragwaý we Çili DÇ-2030 geçirmäge arza berdiler

Urugwaý, Argentina, Paragwaý we Çili DÇ-2030 geçirmäge arza berdiler

Urugwaý, Argentina, Paragwaý we Çili 2030-njy ýylda dünýä çempionatyny geçirmäge bilelikdäki arzasyny berdiler diýip, Frans Press agentligi ýazýar. Arzanyň resmi taýdan taýýarlanyş dabarasy 1930-njy ýylda futbol boýunça ilkinji dünýä çempionatynyň geçen ýeri bolan Urugwaýyň paýtagty Montewideonyň "Sentenario" stadionynda geçdi. Şol wagt çäräni geçirmek üçin 90 müň tomaşaça niýetlenen meýdança gurlupdy.

Öň mälim bolşy ýaly, dört ýurduň prezidenti 1930-njy ýylda Urugwaýda geçen birinji dünýä çempionatynyň 100 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlap, 2030-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatyny guramak üçin bilelikdäki arza bilen tanyşdyrmagy karar etdiler. Iň ýakyndaky dünýä çempionaty 2022-nji ýylyň 21-nji noýabryndan 18-nji dekabry aralygynda Katarda geçer.

Ýene degişli makalalar

Kopa Amerikada argentinaly tälimçileriň ussatlygy
Argentina bilen Braziliýa taryhda 2-nji gezek 1 günde ýeňildiler
Ilkinji Dünýä Kubogy başlanýar
Braziliýanyň taryhynda ilkinji gezek
Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder
Hawýer Mileý Argentinanyň Prezidenti wezipesine girişdi
Sport teleýaýlymy Merwiň we Altyn asyryň AFK kubogyndaky oýunlaryny göni ýaýlymda görkezer, türkmenistanly zehinler Delfi oýunlaryna gatnaşarlar, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Aşgabat şäherine geldi we beýleki habarlar